Şu Kanun Türkmenistanyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, Türkmenistanda bedenterbiýe we sport babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär we bu işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
1. Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) bedenterbiýe – medeniýetiň düzüm bölegi, sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryny, adamyň beden taýdan ösüşini durmuşa geçirmek, onuň hereket işjeňligini kämilleşdirmek maksady bilen jemgyýet tarapyndan döredilýän we ulanylýan, şeýle hem adamyň saglygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen we şahsyýetiň sazlaşykly ösmegine ýardam edýän ruhy we maddy gymmatlyklaryň jemini özünde saklaýan işiň çygry;
2) sport – bedenterbiýäniň organiki bölegi, sportda netijeler gazanmak maksady bilen adamyň ýaryşlara we ýaryşyjylyk işine taýýarlygynyň ýörite tejribe görnüşinde emele gelen sportuň görnüşlerinde adamlaryň gazananlaryny ýüze çykarmagyň we deň şertlerde deňeşdirmegiň aýratyn çygry;
3) sagdyn durmuş ýörelgesi – adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşamagyna we durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine, ýaşaýşyň zähmet, jemgyýetçilik, maşgala-durmuş, dynç alyş görnüşlerine işjeň gatnaşmagyny gazanmak üçin öňüni alyş çäreleriniň kabul edilmegine, şeýle hem keselleriň sebäplerini we netijelerini düzetmek üçin öňüni alyş çärelerini amal etmäge gönükdirilen adamyň durmuşynyň keşbi. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslaryna irki çagalyk döwründen sagdyn endiklerini we ukyplaryny terbiýelemek, ýaşamak üçin howpsuz we amatly daşky gurşaw, temmäkiden, neşe serişdelerinden we alkogolly içgileri ulanmakdan ýüz döndermek, sagdyn iýmitlenmek, beden taýdan işjeň durmuş, şahsy we jemgyýetçilik gigiýenasy degişlidir.
4) beden terbiýesi – sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasynda şahsyýeti terbiýelemäge, adamyň hereket başarnyklaryny we endiklerini, beden ukyplaryny we sypatlaryny ösdürmäge, beden taýdan kämil, hemmetaraplaýyn ösen we sagdyn adamy kemala getirmek maksady bilen olaryň bedenterbiýe we sport babatda bilimleri almagyna gönükdirilen pedagogik iş;
5) beden taýýarlygy – adamyň durmuş taýdan demografik häsiýetnamalaryny we işiniň görnüşlerini hasaba almak bilen beden sypatlaryny, başarnyklaryny, hereket başarnyklaryny we endiklerini ösdürmäge gönükdirilen iş;
6) uýgunlaşdyryjy bedenterbiýe we uýgunlaşdyryjy sport – maýyplaryň we saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan şahslaryň beden taýdan dikeldilmegine we kadaly durmuş gurşawyna uýgunlaşdyrylmagyna, olaryň durmuşy doly derejede duýmagyna päsgel berýän psihologik päsgelçilikleri ýeňip geçmegine, şeýle hem ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine öz şahsy goşandynyň zerurdygyna akyl ýetirmäge gönükdirilen bedenterbiýe-sagaldyş we sport häsiýetli çäreleriň toplumy;
7) beden taýdan dikeltmek – adamyň saglygynyň bozulmagy bilen dörän ýaşaýşyň çäklendirmelerini düzetmäge ýa-da mümkin boldugyça doly öwezini dolmaga gönükdirilen, uýgunlaşdyryjy bedenterbiýäniň we uýgunlaşdyryjy sportuň serişdelerini we usullaryny peýdalanmak bilen adam bedeniniň bozulan ýa-da wagtlaýyn ýitirilen wezipelerini we maýyplaryň we saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan şahslaryň jemgyýetçilik we hünär işine başarnyklaryny dikeltmek işi;
8) köpçülikleýin sport – ilatyň bedenterbiýe bilen guramaçylykly meşgullanmagyna, şeýle hem olaryň köpçülikleýin sport çärelerine we bedenterbiýe-sagaldyş çärelerine gatnaşmaklaryna gönükdirilen sportuň bir bölegi;
9) mekdep sporty – umumybilim edaralarynda okuwçylaryň beden terbiýesine, olaryň sport çärelerine gatnaşmak üçin taýýarlygyna gönükdirilen sportuň bir bölegi;
10) talyp sporty – başlangyç hünär, orta hünär we ýokary hünär bilim edaralarynda talyplaryň beden terbiýesine, olaryň sport çärelerine gatnaşmak üçin taýýarlygyna gönükdirilen sportuň bir bölegi;
11) ýokary üstünlikler sporty – ýurduň içinde hem-de halkara derejesinde geçirilýän resmi sport ýaryşlarynda türgenler tarapyndan ýokary sport netijelerini gazanmaga gönükdirilen sportuň bir bölegi;
12) sportuň görnüşi – onuň tapawutlandyryjy alamatlary meşgullanýan ýeri, ulanylýan sport öwselesi (gorag serişdelerini hasaba almazdan) we enjamy, sport ýaryşynyň kadalary bolan sportuň düzüm bölegi;
13) sportuň milli görnüşleri – beden işjeňligini guramagyň aýratyn kadalary we usullary bolan özboluşly beden maşklary we halk oýunlary hökmünde ýaryşyjylyk işi görnüşinde türkmen jemgyýetinde taryhy geçmişden emele gelen sportuň görnüşleri;
14) sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşleri ‒ harby gullukçylarynyň hem-de hukuk goraýjy we ýörite döwlet edaralarynyň işgärleriniň öz harby we gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly sportuň görnüşi;
15) Sportuň görnüşleriniň döwlet sanawy – Türkmenistanyň çäginde sportuň ösdürilýän (kämilleşdirilýän) görnüşleri we sport ugurlary hakynda kagyz we elektron göterijilerde bellenilen maglumatlary özünde saklaýan maglumat ulgamy;
16) sport ugry – tapawutlandyryjy alamatlary bolan we sport ýaryşlarynyň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini (maksatnamalaryny) öz içine alýan sportuň görnüşiniň bir bölegi;
17) bedenterbiýe we sport guramalary – işiniň esasy görnüşi hökmünde bedenterbiýe we sport babatda işi amala aşyrýan ýuridik şahslar;
18) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar – sportuň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini umumydöwlet derejesinde ösdürmek, umumydöwlet we halkara derejesinde sport çärelerini geçirmek we sportuň görnüşleri boýunça türgenleri – Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalaryny taýýarlamak maksady bolan we agzalyk esasynda döredilen hem-de döwlet akkreditasiýasy bolan jemgyýetçilik guramalary;
19) bedenterbiýe-sagaldyş çäreleri – bedenterbiýe we sport serişdelerini peýdalanmak bilen geçirilýän we adamyň zähmet (okuw) işine harçlan güýçlerini dikeltmäge, işjeň ýagdaýda dynç alşyny guramaga we önümçilik hem-de daşky gurşaw şertlerinde bedeniň amatsyz faktorlarynyň täsirine bolan durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler;
20) sport ýaryşy – bäsleşigiň iň gowy gatnaşyjysyny (ýeňijisini) ýüze çykarmak maksady bilen onuň guramaçysy tarapyndan tassyklanan düzgünnama (dessur) esasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça türgenleriň ýa-da türgenler toparlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşik;
21) sport çäreleri – sport ýaryşlary, şeýle hem türgenleşik çäreleri we türgenleri sport ýaryşlaryna taýýarlamak boýunça beýleki çäreler;
22) köpçülikleýin sport çäreleri – ilatyň arasynda ýaryşyjylyk häsiýetinde gurnalan, adamyň beden we ruhy ösüşine, saglygynyň berkidilmegine we keselleriň öňüni almaga, boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmaklaryna, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklaryna bolan islegi emele getirmäge gönükdirilen çäreler;
23) bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport ýa-da sport çäresiniň pçülikleýin sport ýa-da sport çäresi geçirilýär we (ýa-da) ol şeýle çärä taýýarlanmagyň we geçirmegiň guramaçylyk, maliýe we beýleki üpjünçiligini amala aşyrýar;
24) türgen – sportuň saýlap alnan görnüşi (görnüşleri) bilen yzygiderli meşgullanýan we sport ýaryşlarynda çykyş edýän fiziki şahs;
25) ýokary derejeli türgen – sport adyna eýe bolan we ýokary sport netijelerini gazanmak maksady bilen sport ýaryşlarynda çykyş edýän türgen;
26) sport ätiýaçlygy – sportuň saýlanyp alnan görnüşi (görnüşleri) boýunça sport taýýarlygyny geçýän we sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna goşulmaga dalaş edýän fiziki şahslar;
27) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlary – halkara sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmek we olara Türkmenistanyň adyndan gatnaşmak üçin sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar bilen bilelikde bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan döredilýän türgenleriň, tälimçileriň we beýleki hünärmenleriň toparlary;
28) sport emini – ýörite taýýarlygy geçen we degişli hünär derejesini alan, sportuň görnüşiniň düzgünlerini we ýaryş hakyndaky düzgünnamanyň (dessuryň) berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga sport ýaryşynyň guramaçysy tarapyndan ygtyýarlandyrylan fiziki şahs;
29) tälimçi – bedenterbiýe we sport babatda taýýarlygyň ugurlary (kärleri) boýunça degişli orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi bolan ýa-da bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tälimçilik işi bilen meşgullanmaga ygtyýar berlen we okuw-türgenleşik çäreleriniň türgenler bilen geçirilmegini amala aşyrýan we sport netijelerini gazanmak üçin olaryň ýaryşyjylyk işine ýolbaşçylyk edýän fiziki şahs;
30) sport desgalary ‒ bedenterbiýe-sagaldyş, sport we köpçülikleýin sport çärelerini geçirmek üçin niýetlenen we giňişlik-çäk serhetleri bolan, ýörite döredilen we enjamlaşdyrylan binalar, jaýlar, desgalar;
31) Beden terbiýesiniň döwlet toplumy – türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgesiniň esaslarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän, ýaşyna we jynsyna baglylykda Türkmenistanyň raýatlarynyň beden taýýarlygyna bolan talaplaryň we beden taýýarlygynyň ölçegleriniň jemi;
32) Türkmenistanyň ýeke-täk sport klassifikasiýasy – türgenleriň ussatlyk derejesini ýa-da tälimçileriň we sport eminleriniň hünär derejesini kesgitleýän, türgenleriň razrýadlarynyň we sport eminleriniň hünär derejeleriniň, tälimçileriň we türgenleriň sport atlarynyň ulgamy;
33) Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasy – her ýylda geçirilýän umumydöwlet we halkara derejeli sport ýaryşlarynyň, şeýle hem olara taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň sanawy.
2. Beýleki adalgalar şu Kanunyň aýry-aýry maddalarynda kesgitlenilýär.
2-nji madda. Bedenterbiýe we sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Bedenterbiýe we sport hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de bedenterbiýe we sport babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasy bilen şu Kanunda göz öňünde tutulandaka garanda başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Şu Kanunyň maksady we wezipeleri
1. Şu Kanunyň maksady türkmen jemgyýetinde ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde, Türkmenistanyň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmakda, boş wagtlaryny rejeli geçirmekde, şeýle hem olaryň saglygyny berkitmekde we keselleriň öňüni almakda bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak üçin hukuk binýadyny we zerur şertleri döretmek bolup durýar.
2. Şu aşakdakylar şu Kanunyň wezipeleridir:
1) Türkmenistanyň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklyga deň elýeterlilik hukuklaryny üpjün etmek we goramak;
2) Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty, raýatlaryň beden terbiýesini ösdürmek, Türkmenistanyň milli sport toparlarynyň sportuň görnüşleri boýunça halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmekleri üçin sport ätiýaçlylygyny taýýarlamak üçin hukuk kepilliklerini we zerur şertleri döretmek;
3) bedenterbiýäniň we sportuň subýektleriniň hukuklaryny, borçlaryny, ygtyýarlyklaryny we jogapkärçiligini kesgitlemek we bu babatda olaryň gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmek.
4-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklary
1. Türkmenistanyň raýatlary şu aşakdaky hukuklara eýedirler:
1) bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak;
2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bedenterbiýe we sport guramalaryny döretmek;
3) bedenterbiýe we sport guramalaryna we aýry-aýry şahslara hyzmatlary etmek boýunça telekeçilik işi bilen meşgullanmak, bedenterbiýe-sport we ugurdaş harytlary öndürmek, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda mahabat işinde bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerinden peýdalanmak;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet we hususy sport desgalaryndan peýdalanmak;
5) bedenterbiýe-sagaldyş we sport ugurly jemgyýetçilik birleşiklerine girmek.
2. Türkmenistanyň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak hukugyny durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmek, bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatyny geçirmek arkaly döwlet tarapyndan üpjün edilýär.
3. Türkmenistanyň çägindäki daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda bedenterbiýe we sport babatda Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryndan peýdalanýarlar, halkara sport ýaryşlarynda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde türgen hökmünde çykyş etmek hukugy muňa degişli däldir.
5-nji madda. Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň subýektleri
Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň subýektlerine şular degişlidir:
1) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, şeýle-de pudaklaýyn döwlet edaralary, bedenterbiýe we sport babatda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary;
2) bedenterbiýe we sport guramalary;
3) Türkmenistanda olimpiýa hereketiniň guramalary;
4) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar;
5) bedenterbiýe we sport babatda işi amala aşyrýan bilim we saglygy goraýyş guramalary, ylmy guramalar;
6) sport desgalary degişli bolan ýuridik we fiziki şahslar;
7) bedenterbiýe bilen meşgullanýan fiziki şahslar, türgenler, ýygyndylar (sport toparlary), sport eminleri, tälimçiler şeýle-de bedenterbiýe we sport babatda beýleki hünärmenler;
8) bedenterbiýe we sport babatda işi amala aşyrýan beýleki fiziki we ýuridik şahslar.
6-njy madda. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty
1. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty raýatlaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, häzirki zaman durmuş şertlerine uýgunlaşmaga ukyply, fiziki we ruhy taýdan ösen nesli terbiýelemäge, halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmek maksady bilen sportuň görnüşleri boýunça sport ätiýaçlygynyň we Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň taýýarlygyna gönükdirildi.
2. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasaty aşakdaky ýörelgelere esaslanýar:
1) Türkmenistanyň ähli raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan hukuklarynyň kepillikleri we olaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgul bolmaklaryna umumy elýeterlilik;
2) Türkmenistanyň dürli ýaşdaky raýatlar toparynyň ýaşaýşyň ähli döwürlerinde beden terbiýesine bolan gatnaşygynyň üznüksizligi we dowamlylygy;
3) ilatyň durmuş goraglylygyna mätäç bolan gatlaklarynyň arasynda, şol sanda köp çagaly we az üpjünçilikli maşgalalaryň çagalarynyň, ýetim çagalaryň we ata-eneleriniň howandarlygyndan galan çagalaryň, saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan şahslaryň, maýyplaryň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň ösüşini goldamagyň ileri tutulmagy;
4) okuw-türgenleşik, bedenterbiýe-sagaldyş we sport çäreleri geçirilende howpsuzlyk üpjünçiligini guramak;
5) Türkmenistanyň bütin çäginde bedenterbiýe we sport babatda kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň bitewiligi;
6) bedenterbiýe we sport subýektleriniň özara gatnaşygy;
7) bedenterbiýe we sport babatda döwlet we jemgyýetçilik düzgünleşdirmesiniň utgaşdyrylmagy;
8) bedenterbiýe we sport babatda Türkmenistanda halkara borçnamalarynyň berjaý edilmegi.
3. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary şu aşakdakylardyr:
1) Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin deň şertleri döretmek;
2) bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň, şeýle hem bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň tomaşaçylarynyň ömrüniň we saglygynyň howpsuzlygyny üpjün etmek we olaryň geçirilýän ýerlerinde jemgyýetçilik tertibini berjaý etmek;
3) ýurduň ilatyny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek;
4) türgenlerde we bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan beýleki fiziki şahslarda watançylygyň we milli aňyýetiň kemala gelmegine ýardam etmek;
5) ösüp gelýän nesli beden taýdan terbiýelemek, mekdep we talyp sportunyň ösüşine ýardam etmek;
6) sport ätiýaçlygynyň, ýokary derejeli türgenleriň taýýarlanylmagyny üpjün etmek;
7) ýurduň türgenleriniň halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagyny, sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň kemala getirilmegini üpjün etmek, olaryň maddy-tehniki, lukmançylyk, ylmy-usulyýet taýdan we beýleki üpjünçiligi;
8) Türkmenistanda olimpiýa hereketini goldamak;
9) sportda dopingiň ulanylmagynyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek;
10) Türkmenistanda ykrar edilen sportuň görnüşlerini, şol sanda sportuň milli görnüşlerini ösdürmek;
11) bedenterbiýäniň we sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýaýbaňlandyrylmagy;
12) bedenterbiýe we sport guramalarynyň, bedenterbiýe we sport babatda işi amala aşyrýan beýleki fiziki we ýuridik şahslaryň döredilmegi we işlemegi üçin guramaçylyk, ykdysady, maliýe we maddy şertleri kesgitlemek;
13) türgenleriň we beýleki bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň saglyk ýagdaýyna lukmançylyk gözegçiligini üpjün etmek;
14) bedenterbiýe we sport babatda işgärleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak;
15) bedenterbiýe we sport babatda ylmy barlaglary we işläp taýýarlamalary geçirmek;
16) bedenterbiýe we sport babatda işi maliýeleşdirmek üçin fiziki we ýuridik şahslaryň pul serişdelerini çekmek üçin şertler döretmek;
17) bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak.
7-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda işi döwlet tarapyndan goldamak
1. Döwlet bedenterbiýe we sport babatda işi goldaýar we şulary üpjün edýär:
1) Türkmenistanyň türgenleriniň Olimpiýa oýunlaryna, Paralimpiýa oýunlaryna, Surdlimpiýa oýunlaryna, Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlaryna, Aziýa oýunlaryna we beýleki halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmak çäreleriniň maliýeleşdirilmegini;
2) bedenterbiýe we sport guramalary we sport senagatynyň kärhanalary tarapyndan öz işinde maliýe, maddy-tehniki we maglumat serişdelerini, şeýle hem ylmy-barlag we tehniki işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary netijeli peýdalanmak üçin şertleriň döredilmegini;
3) döwlet eýeçiliginde durýan sport desgalarynyň gurulmagyny, durkunyň täzelenmegini, saklanylmagyny we peýdalanylmagyny;
4) bilim edaralarynda beden terbiýesini ýola goýmak we sporty ösdürmek üçin amatly şertleri üpjün edýän maddy-tehniki we maliýe binýadynyň döredilmegini;
5) bedenterbiýe we sport guramalarynyň ulgamyny giňeltmek üçin şertleriň döredilmegini;
6) ilatyň dürli derejeleri we toparlary üçin olaryň ýaşaýan ýerinde bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň guralmagyny;
7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sport önümleriniň sertifikasiýasyny;
8) ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesiniň, bedenterbiýäniň we sportuň ynsanperwer taglymynyň we gymmatlyklarynyň wagyz edilmegini;
9) halkara sport aragatnaşyklarynyň ýola goýulmagynda we amala aşyrylmagynda bedenterbiýäniň we sportuň subýektlerine ýardam etmegi.
2. Türkmenistanyň türgenleri tarapyndan ýokary sport netijelerini gazanmak maksady bilen döwlet şu aşakdakylar arkaly sportuň ösüşini goldaýar:
1) ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça işi amala aşyrýan bedenterbiýe we sport guramalarynyň sanyny artdyrmak we olaryň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak;
2) binýadynda sportuň degişli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň taýýarlygy amala aşyrylýan, täze we bar bolan ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralarynyň, şeýle hem bedenterbiýe we sport işgärlerini hünär taýdan taýýarlamagyň we hünärini ýokarlandyrmagyň şertlerini gowulandyrmak maksady bilen okuw binalarynyň we bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleri taýýarlamagy amala aşyrýan orta hünär, ýokary hünär bilim edaralarynyň, sport desgalarynyň gurluşygyna we döwrebaplaşdyrylmagyna maýa goýumlaryny çekmek;
3) ýokary üstünlikler sportuny ösdürmegiň we sport ätiýaçlygyny taýýarlamagyň meseleleri boýunça ylmy barlaglar üçin maliýe serişdelerini bölüp bermek;
4) ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak we olaryň halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy boýunça bedenterbiýe we sport guramalarynyň işini höweslendirmek;
5) bedenterbiýe we sport babatda hemaýatkärligi we haýyr- sahawatlylygy höweslendirmek;
6) ýokary sport netijelerini we üstünliklerini gazanan türgenler üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýörite haklary we pul töleglerini bellemek.
3. Bedenterbiýe we sport babatda işi döwlet tarapyndan goldamak bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
8-nji madda. Bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalary
1. Türkmenistanda bedenterbiýäniň we sportuň goldanylmagyny we ösdürilmegini, döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň durmuşa geçirilmegini, bedenterbiýe we sport babatda wajyp meseleleriň çözülmegini üpjün etmek maksady bilen bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalary işlenilip taýýarlanylýar. Görkezilen maksatnamalar azyndan dört ýyl üçin kabul edilýär.
2. Bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
II BAP. BEDENTERBIÝE WE SPORT BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI
9-njy madda. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
Bedenterbiýe we sport babatda döwlet düzgünleşdirmesini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, şeýle hem bedenterbiýe we sport babatda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde pudaklaýyn döwlet edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary amala aşyrýarlar.
10-njy madda. Bedenterbiýe we sport babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;
3) halkara derejeli sport çäreleri geçirilende gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmegiň we olaryň geçirilýän ýerlerinde jemgyýetçilik tertibini berjaý etmegiň tertibini we şertlerini tassyklaýar;
4) bedenterbiýe we sport babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;
5) ýurtda kämilleşdirilýän sportuň we sport ugurlarynyň täze görnüşlerini ykrar etmek boýunça talaplary tassyklaýar;
6) Sportuň görnüşleriniň döwlet sanawyny tassyklaýar;
7) Beden terbiýesiniň döwlet toplumyny tassyklaýar;
8) bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär;
9) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
11-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň ygtyýarlylygy
Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy:
1) bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar;
2) bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;
3) bedenterbiýe we sport meseleleri boýunça uzak möhletli we gysga möhletli geljek üçin döwletiň durmuş we ykdysady ösüşiniň çaklamalaryna degişli, şeýle hem degişli ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyna teklipleri işläp taýýarlaýar;
4) bedenterbiýe we sport babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar;
5) bilim babatda ygtyýarly döwlet edarasy we saglygy goraýyş babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde beden taýýarlygynyň ölçeg talaplaryny işläp taýýarlaýarlar, tassyklaýarlar we okaýanlar üçin ýerine ýetirilmegi hökmany bolan beden taýýarlygynyň ölçeg talaplaryny bilim edaralarynyň okuw işine ornaşdyrýarlar;
6) kärhanalarda, guramalarda, okuw mekdeplerinde bedenterbiýe we sport guramalarynyň döredilmegine ýardam edýärler;
7) bedenterbiýäniň we sportuň subýektleriniň işini utgaşdyrýar;
8) Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasynyň çäklerinde sport ýaryşlaryny guraýar we geçirýär;
9) sportuň görnüşleri boýunça Olimpiýa oýunlaryna, Paralimpiýa oýunlaryna, Surdlimpiýa oýunlaryna, Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlaryna, Aziýa oýunlaryna, dünýä çempionatlaryna we kuboklaryna, Aziýa çempionatlaryna we kuboklaryna we beýleki halkara sport ýaryşlaryna Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamak boýunça çäreleriň guralmagyna we geçirilmegine we olara gatnaşmagyň üpjün edilmegine gatnaşýar;
10) degişli halkara sport guramalary tarapyndan bellenilen talaplary hasaba almak bilen Türkmenistanyň çäginde Olimpiýa oýunlarynyň, Aziýa oýunlarynyň, dünýäniň çempionatlarynyň we kuboklarynyň, Aziýanyň çempionatlarynyň we kuboklarynyň, beýleki halkara sport ýaryşlarynyň guralmagyna we geçirilmegine gatnaşýar;
11) Paralimpiýa oýunlaryna, Surdlimpiýa oýunlaryna, Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaklary bilen bilelikde, maýyplaryň we saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan adamlaryň arasynda sport ýaryşlaryny guraýar we geçirýär, şeýle hem bu ýaryşlara olaryň taýýarlygyny we gatnaşmagyny üpjün edýär;
12) bedenterbiýäniň we sportuň serişdeleri bilen ilatyň arasynda hukuk bozulmalarynyň, neşekeşligiň, çilimkeşligiň, arakhorlugyň we zyýanly endiklere baglylygyň beýleki görnüşleriniň öňüni almak boýunça çäreleri işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;
13) sportuň milli görnüşleriniň ösüşini goldamak boýunça çäreleri amala aşyrýar;
14) bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleriň taýýarlygyny üpjün edýän hünär bilimiň taýýarlygynyň ugurlary (kärleri) boýunça döwlet bilim standartlarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýar;
15) bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleriň gaýtadan taýýarlanylmagyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny guraýar;
16) bedenterbiýe we sport babatda ylmy barlaglaryň geçirilmegini guraýar;
17) sport ätiýaçlygyny seçip almagyň we taýýarlamagyň ýeke-täk ulgamynyň döredilmegini guraýar;
18) sport öwselesi we enjamy hakynda tehniki düzgünleri işläp taýýarlaýar;
19) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň ylmy-usulyýet, lukmançylyk-biologik, lukmançylyk we antidoping üpjünçiligini, şeýle hem sportuň görnüşleri boýunça toplumlaýyn ylmy toparlaryň döredilmegini we olaryň işine gözegçiligi amala aşyrýar;
20) Beden terbiýesiniň döwlet toplumyny işläp taýýarlaýar;
21) bedenterbiýäniň we sportuň ylmy-usulyýet, hukuk, maglumat ulgamynyň kemala getirilmegini amala aşyrýar;
22) ilatyň sagdyn durmuş ýörelgesiniň giňden wagyz-nesihat edilmegini üpjün edýär;
23) bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşini üpjün edýär;
24) Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasyny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;
25) sport çärelerini geçirmegiň talaplaryny we şertlerini hem-de olary geçirmek üçin maliýe we maddy çykdajylaryň ölçeglerini işläp taýýarlaýar;
26) sport desgalaryny peýdalanmak düzgünleriniň we ulanmak kadalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna gatnaşýar;
27) ýurtda kämilleşdirilýän sportuň we sport ugurlarynyň täze görnüşlerini ykrar etmek boýunça talaplary işläp taýýarlaýar;
28) Sportuň görnüşleriniň döwlet sanawyny işläp taýýarlaýar we ýöredýär;
29) bedenterbiýe we sport babatda hyzmatdaşlyk hakynda döwletleriň halkara şertnamalaryny taýýarlamaga we baglaşmaga, görkezilen şertnamalardan we halkara hyzmatdaşlygynyň maksatnamalaryndan gelip çykýan döwletiň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegine gatnaşýar;
30) halkara sport guramalarynda bellenilen tertipde we öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwletiň bähbitlerine wekilçilik edýär;
31) bedenterbiýe we sport babatda maglumat-seljeriş üpjünçiliginiň ýeke-täk döwlet ulgamyny döredýär;
32) bedenterbiýe we sport boýunça ylmy, okuw we ylmy-populýar edebiýatyň neşir edilmegini guraýar;
33) täze sport desgalarynyň gurluşygy we hereket edýän sport desgalarynyň durkunyň täzelenmegi boýunça işleri guraýar;
34) ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralarynyň ähli görnüşleri üçin sportuň dürli görnüşleri boýunça okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;
35) ýurduň ilatynyň beden taýýarlygynyň her ýylky umumydöwlet gözegçiligini guraýar;
36) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
12-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda pudaklaýyn döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary
Pudaklaýyn döwlet edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:
1) bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatyny ýöredýärler;
2) Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar;
3) bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň pudaklaýyn maksatnamalaryny tassyklaýarlar;
4) ykdysadyýetiň degişli pudaklarynyň kärhanalarynda, edaralarynda we okuw mekdeplerinde bedenterbiýäniň we sportuň guramalaryny döretmek bilen bilelikde, bedenterbiýäniň we sportuň pudaklaýyn infrastrukturasynyň döredilmegini üpjün edýärler;
5) ykdysadyýetiň degişli pudaklarynda bedenterbiýe we sport babatda guramaçylyk, işgär, maliýe, maddy-tehniki we durmuş meseleleriniň çözülmegini üpjün edýärler;
6) öz eýeçiligine degişli bolan sport desgalarynyň gurulmagyny, abatlanylmagyny, durkunyň täzelenmegini we rejeli peýdalanylmagyny amala aşyrýarlar;
7) Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasynyň çäklerinde sport ýaryşlaryny guraýarlar we geçirýärler;
8) ykdysadyýetiň degişli pudagynda bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çärelerini guraýarlar we geçirýärler;
9) milli sport görnüşleri bilen bilelikde sportuň görnüşleri boýunça pudaklaýyn ýygyndy toparlaryň düzümini emele getirýärler we taýýarlygyny üpjün edýärler;
10) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy we sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar tarapyndan geçirilýän çärelere, sportuň görnüşleri boýunça Olimpiýa oýunlaryna, şeýle hem Paralimpiýa oýunlaryna, Surdlimpiýa oýunlaryna, Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlaryna, Aziýa oýunlaryna, dünýä çempionatlaryna we kuboklaryna, Aziýa çempionatlaryna we kuboklaryna we beýleki halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň döredilmegine we taýýarlanylmagyna gatnaşýarlar;
11) ykdysadyýetiň degişli pudagynyň işgärleriniň beden taýýarlygyna gözegçilik edýärler;
12) bedenterbiýäni we sporty pudagyň işgärleriniň zähmet we dynç alyş düzgünine ornaşdyrýarlar;
13) köp çagaly we az üpjünçilikli maşgalalaryň çagalarynyň, ýetim çagalaryň we ata-eneleriniň howandarlygyndan galan çagalaryň, saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan şahslaryň we maýyplaryň bedenterbiýe we sport bilen mugt meşgul bolmaklary üçin şert döredýärler;
14) pudagyň işgärleriniň arasynda bedenterbiýäni we sporty, sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ýaýbaňlandyrýarlar;
15) sport çäreleriniň lukmançylyk üpjünçiligini, şeýle hem bedenterbiýe we sport bilen meşgul bolýan şahslara lukmançylyk gözegçiligini guraýarlar;
16) pudaklaýyn sport çäreleri hem-de bedenterbiýe we sport boýunça guramaçylykly işler geçirilende jemgyýetçilik tertibini we raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün edýärler;
17) bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygynyň amala aşyrylmagyna gatnaşýarlar;
18) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
13-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary öz garamagyndaky çäklerde:
1) bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň sebit maksatnamalaryny tassyklaýarlar;
2) bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;
3) bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çärelerini guraýarlar we geçirýärler;
4) sportuň görnüşleri boýunça sebitiň ýygyndy toparlarynyň düzümini döredýärler we taýýarlygyny üpjün edýärler;
5) sportuň milli görnüşlerini ösdürýärler;
6) maýyplaryň, saglyk mümkinçilikleri çäkli bolan şahslaryň bedenterbiýesini we sportuny, uýgunlaşdyryjy bedenterbiýäni we uýgunlaşdyryjy sporty ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirýärler;
7) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bedenterbiýe we sport guramalaryny döredýärler, üýtgedip guraýarlar we ýatyrýarlar;
8) sebitiň çäginde bedenterbiýe we sport babatda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýärler;
9) ilatyň fiziki taýýarlygynyň her ýylky gözegçiligini guraýarlar we geçirýärler;
10) sportuň milli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň ýeke-täk sport klassifikasiýasynyň işlenilip taýýarlanylmagyna gatnaşýarlar;
11) öz eýeçiligine degişli sport desgalarynyň gurulmagyny, abatlanylmagyny, durkunyň täzelenmegini we rejeli peýdalanylmagyny amala aşyrýarlar;
12) çagalaryň, ýetginjekleriň we ýaşlaryň beden terbiýesini guraýarlar;
13) bedenterbiýäni we sporty raýatlaryň zähmet rejesine, okuwyna we dynç alşyna ornaşdyrýarlar;
14) bedenterbiýe we sport guramalarynyň maddy-tehniki binýadynyň döredilmegini we ösdürilmegini goldaýarlar, şol sanda maliýe kömegini berýärler;
15) raýatlaryň ýaşaýan ýerleri boýunça bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin şertler döredýärler;
16) köp çagaly we az üpjünçilikli maşgalalaryň çagalarynyň, ýetim çagalaryň we ata-eneleriniň howandarlygyndan galan çagalaryň, saglyk ýagdaýy çäkli şahslaryň we maýyplaryň bedenterbiýe we sport bilen mugt meşgullanmaklary üçin şertleri döredýärler;
17) ilatyň arasynda bedenterbiýäni we sporty, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrýarlar;
18) sport ätiýaçlygynyň, ýokary derejeli türgenleriň taýýarlanylmagyna gatnaşýarlar;
19) sebitiň sport desgalary bilen üpjünçiliginiň ýeterlik derejesini saklaýarlar;
20) sport çäreleriniň lukmançylyk üpjünçiligini, şeýle hem bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan şahslara lukmançylyk gözegçiligini guraýarlar;
21) bedenterbiýe we sport boýunça sport çäreleri we guramaçylykly türgenleşik işleri geçirilende raýatlaryň jemgyýetçilik tertibini we howpsuzlygyny üpjün edýärler;
22) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
14-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary
Öz garamagyndaky çäklerde bedenterbiýäni we köpçülikleýin sporty ösdürmek, bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň geçirilmegini guramak üçin şertleri üpjün etmek boýunça ýerli ähmiýetli meseleleri çözmek maksady bilen, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklaryna şular degişlidir:
1) ýerli şertleri we mümkinçilikleri hasaba almak bilen bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň esasy wezipelerini we ugurlaryny kesgitlemek, bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň ýerli maksatnamalaryny kabul etmek we durmuşa geçirmek;
2) ilatyň dürli toparlarynyň arasynda bedenterbiýäniň we sportuň wagyz edilmegi boýunça aň-bilim işini amala aşyrmak;
3) bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň geçirilmegini guramak;
4) raýatlaryň iş ýerleri we ýaşaýan ýerleri boýunça bedenterbiýe-sagaldyş we köpçülikleýin sport işini guramak;
5) bedenterbiýe-sagaldyş çäreleriniň, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň senenama meýilnamalaryny tassyklamak;
6) bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çärelerini lukmançylyk taýdan üpjün etmegiň guralmagyna ýardam etmek;
7) bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleri geçirilende jemgyýetçilik tertibiniň we jemgyýetçilik howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam etmek;
8) sportuň görnüşleri boýunça ýygyndy toparlaryny döretmek;
9) öz garamagyndaky çäklerde geçirilýän sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň we sportuň görnüşleri boýunça degişli sebitiň ýygyndy toparlarynyň sport ýaryşlarynyň we okuw-türgenleşik çäreleriniň guralmagyna we geçirilmegine gatnaşmak;
10) öz eýeçiliginde durýan sport desgalaryna eýelik etmek, peýdalanmak, ygtyýar etmek we dolandyrmak, görkezilen desgalaryň elektrik, ýylylyk we suw üpjünçiligini guramak;
11) sport desgalaryny gurmak, abatlamak, durkuny täzelemek we rejeli peýdalanmak üçin şertleri döretmek, görkezilen desgalara ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak;
12) saglyk ýagdaýy pes bolan şahslaryň we maýyplaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmek;
13) bedenterbiýe we sport babatda tassyklanylan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň esasynda ilatyň dürli toparlarynyň iş, okuw we dynç alyş rejesine bedenterbiýäni we sporty ornaşdyrmak;
14) öz garamagyndaky çäklerde bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet we sebit maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine gatnaşmak;
15) ilatyň beden taýýarlygynyň her ýylky gözegçiligini geçirmek;
16) sport meýletinçilerini taýýarlamak, hünärini ýokarlandyrmak we işini höweslendirmek;
17) öz garamagyndaky çäklerde öz işini amala aşyrýan bedenterbiýe we sportuň subýektlerine ýardam etmek;
18) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmak.
III BAP. BEDENTERBIÝE WE SPORT GURAMALARY
15-nji madda. Bedenterbiýe we sport guramalarynyň görnüşleri
1. Türkmenistanda bedenterbiýe we sport guramalary aşakdaky görnüşlere bölünýär:
1) ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralary;
2) sport klublary;
3) bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary (merkezleri), sport toplumlary (merkezleri);
4) sport-sagaldyş lagerleri;
5) şu Kanunyň düzgünlerine jogap berýän, bedenterbiýe we sport babatda iş alyp barýan guramalaryň beýleki görnüşleri.
2. Bedenterbiýe we sport guramalarynyň işiniň guramaçylyk-hukuk görnüşi we eýeçiliginiň görnüşi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.
3. Bedenterbiýe we sport guramalary Türkmenistanyň kanunçylygyna we olaryň esaslandyryjy resminamalaryna laýyklykda döredilýär, üýtgedilip guralýar we ýatyrylýar.
4. Bedenterbiýe we sport guramalary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda telekeçilik işini amala aşyryp bilerler.
16-njy madda. Ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralary
1. Ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralary sport ätiýaçlygyny we (ýa-da) ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak boýunça işi amala aşyrmak üçin niýetlenilýär.
2. Ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralaryna aşakdakylar degişlidir:
1) sport mekdepleri (çagalar-ýetginjekler, tehniki, ýöriteleşdirilen we başgalar);
2) ýokary sport ussatlygy mekdepleri;
3) olimpiýa taýýarlyk merkezleri.
3. Ýöriteleşdirilen okuw-sport edaralary bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýan ýöriteleşdirilen okuw-sport edarasy hakynda Birkysmy nusgalyk düzgünnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylýan tertipnamalaryň esasynda hereket edýärler.
17-nji madda. Sport klublary
1. Sport klublary okuw-tälimçilik, ýaryşyjylyk, bedenterbiýe-sagaldyş we terbiýeçilik işini amala aşyrýan ýuridik şahslar bolup durýarlar.
2. Sport klublary aşakdaky ýaly bolup biler:
1) sportuň aýry-aýry görnüşlerini kämilleşdirýän;
2) toplumlaýyn (şol bir wagtda sportuň birnäçe görnüşlerini kämilleşdirýän);
3) höwesjeň;
4) professional;
5) mekdep;
6) talyplar;
7) şu Kanunyň düzgünlerine jogap berýän başgalar.
3. Sport klublary öz guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan Türkmenistanyň kanunçylygyna we bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanýan sport kluby hakynda Birkysmy nusgalyk düzgünnama laýyklykda döredilýär we öz işini amala aşyrýar.
4. Esaslandyryjylary hökmünde ýuridik, şeýle hem fiziki şahslar bolup bilýän sport klublary önümçilik kärhanalary, saglygy goraýyş we bilim edaralary, kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşikleri, dini guramalar we beýleki guramalar tarapyndan, şeýle hem raýatlaryň ýaşaýan ýeri boýunça döredilip bilner.
5. Sport klublary Türkmenistanda ykrar edilen sportuň dürli görnüşleri boýunça bellenilen tertipde höwesjeň we professional toparlaryny döredip bilerler.
6. Sport klublary öz işini öz serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrýarlar.
18-nji madda. Bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary (merkezleri), sport toplumlary (merkezleri)
1. Degişli pudagyň işgärleri we degişli sebitiň ilaty bilen bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport işini geçirmek maksady bilen pudaklaýyn döwlet edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda hereket edýän bedenterbiýe-sagaldyş toplumlaryny (merkezlerini), sport toplumlaryny (merkezlerini) döredýärler.
2. Bedenterbiýe-sagaldyş toplumlaryna (merkezlerine), sport toplumlaryna (merkezlerine) eýeçiliginde, alyp barýan hojalygynda ýa-da derhal dolandyryşynda sport desgalary bolan we bu desgalary fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslara bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çärelerini geçirmek üçin ulanmaga berýän ýa-da olaryň binýadynda bedenterbiýe-sagaldyş we sport hyzmatlaryny edýän guramalar degişlidir.
19-njy madda. Sport-sagaldyş lagerleri
1. Sport-sagaldyş lageri bedenterbiýe-sagaldyş işiniň, şeýle hem sport ätiýaçlygyny we (ýa-da) ýokary derejeli türgenleri taýýarlamagyň okuw-türgenleşik işiniň üznüksizligini üpjün etmek üçin bedenterbiýe we sport guramasy ýa-da bedenterbiýe we sport guramasynyň gurluş düzüm bölegi hökmünde döredilýär.
2. Sport-sagaldyş lagerini döretmegiň tertibi we onuň işi, onuň düzümi, bedenterbiýe-sagaldyş işiniň we okuw-türgenleşik işiniň gurnalyşynyň we geçirilişiniň tertibi, bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleri we tälimçileri çekmegiň tertibi we şertleri hem-de onuň işiniň beýleki aýratynlyklary bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýan sport-sagaldyş lagerleri hakynda Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.
20-nji madda. Bedenterbiýe-sagaldyş we sport hyzmatlaryny etmek boýunça işi ygtyýarlylandyrmak
Bedenterbiýe we sport guramalary tarapyndan bedenterbiýe-sagaldyş we sport hyzmatlaryny etmek boýunça işi ygtyýarlylandyrmak ygtyýarlylandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
IV BAP. TÜRKMENISTANDA OLIMPIÝA HEREKETI
21-nji madda. Türkmenistanda olimpiýa hereketi düşünjesi
1. Türkmenistanda olimpiýa hereketi halkara olimpiýa hereketiniň düzüm bölegidir.
Türkmenistanda olimpiýa hereketiniň maksatlary türkmen jemgyýetinde halkara olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini ýurtda wagyz etmekden we ornaşdyrmakdan, halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakdan, Halkara olimpiýa komitetiniň we halkara olimpiýa hereketiniň beýleki halkara sport guramalarynyň howandarlygynda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda we beýleki halkara sport çärelerinde Türkmenistana wekilçilik etmekden ybaratdyr.
2. Türkmenistanda olimpiýa hereketiniň guramalaryna şu aşakdakylar degişlidir:
1) Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti;
2) Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti;
3) Türkmenistanda surdlimpiýa hereketine we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalar.
22-nji madda. Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti
1. Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti – jemgyýetçilik birleşigi bolup, ol Türkmenistanda olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýär, Halkara olimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edilen, öz işinde Halkara olimpiýa komitetiniň Olimpiýa hartiýasyndan we onuň beýleki çözgütlerinden goldanýar, öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrýar.
2. Döwlet Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetine öz tertipnamalaýyn maksatlaryny durmuşa geçirmekde hemmetaraplaýyn ýardam edýär.
3. Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti:
1) döwletde halkara olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz edýär;
2) Halkara olimpiýa komitetiniň howandarlygynda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda we beýleki halkara sport çärelerinde Halkara olimpiýa komitetiniň Olimpiýa hartiýasyna laýyklykda Türkmenistana wekilçilik edýär;
3) Halkara olimpiýa komitetinde Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edýär;
4) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly edara bilen özara hereketde Türkmenistanda ýokary üstünlikli sporty we köpçülikleýin sporty ösdürmegiň döwlet syýasatyny ýöredýär;
5) Halkara olimpiýa komitetiniň howandarlygynda geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna we beýleki halkara sport çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň türgenlerini taýýarlamagyň zerur derejesini üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň işlenilip taýýarlanylmagyna we amala aşyrylmagyna gatnaşýar;
6) sportda dopingiň öňüniň alynmagyna we oňa garşy göreşde ýardam edýär;
7) sportda kemsidilmegiň we zorlugyň islendik görnüşleriniň ýüze çykmalaryna garşy hereket edýär;
8) Olimpiýa oýunlaryna we beýleki halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmak üçin türgenleri seçip almagyň Halkara olimpiýa komiteti tarapyndan bellenilen çelgileri hakynda sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalara habar berýär;
9) olimpiýa hereketiniň meselelerini düzgünleşdirýän halkara sport guramalarynyň resminamalaryndaky ähli üýtgetmeler we goşmaçalar barada bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasyna, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalara habar berýär;
10) Türkmenistanyň olimpiýa wekiliýetiniň düzümini tassyklaýar we ony Halkara olimpiýa komitetiniň howandarlygynda geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna we beýleki halkara sport çärelerine gatnaşmak üçin iberýär hem-de ol wekiliýete ýolbaşçylyk edýär;
11) Türkmenistanyň olimpiýa wekiliýetiniň agzalarynyň resmi sport geýimini we sport esbaplaryny tassyklaýar;
12) bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagyna ýardam edýär;
13) Halkara olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi we Milli olimpiýa komitetleriniň assosiasiýasy, Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetleri we halkara olimpiýa hereketiniň beýleki subýektleri bilen hemişelik gatnaşygy amala aşyrýar;
14) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
4. Halkara olimpiýa komitetiniň Olimpiýa hartiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti olimpiýa nyşanyny, şygaryny, baýdagyny we senasyny, Türkmenistanyň çäginde «Olimpiýa oýunlary», «Olimpiada oýunlary» diýen atlary peýdalanmak üçin Halkara olimpiýa komitetine degişli hukuklary goramak boýunça çäreleri amala aşyrýar.
Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti olimpiýa şygaryna, baýdagyna we beýleki milli olimpiýa nyşanlaryna, şeýle-de Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň olimpiýa nyşanyna bolan aýratyn hukuklara eýelik edýär.
5. Halkara olimpiýa komitetiniň howandarlygynda geçirilýän Olimpiýa oýunlarynda we beýleki halkara sport çärelerinde sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň çykyşlary Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň astynda amala aşyrylýar.
6. Ýokary üstünlikler sportuny we köpçülikleýin sporty ösdürmek, şeýle hem Halkara olimpiýa komitetiniň howandarlygynda geçirilýän Olimpiýa oýunlaryna we beýleki halkara sport çärelerine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň türgenlerini taýýarlamagyň zerur derejesini üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti tarapyndan öz ygtyýarlyklaryny durmuşa geçirmek bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar bilen bilelikde özara hereketde amala aşyrylýar.
7. Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti öz öňünde durýan tertipnamalaýyn wezipelerini, şeýle hem bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini maliýeleşdirmegiň öz çeşmeleriniň, hemaýatkärlik kömeginiň, fiziki we ýuridik şahslaryň meýletin gatançlarynyň hasabyna durmuşa geçirýär.
8. Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara olimpiýa komitetiniň Olimpiýa hartiýasyna we öz tertipnamasyna laýyklykda işiň beýleki görnüşlerini amala aşyrýar.
23-nji madda. Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti
1. Daýanç-hereket ediş apparatynyň bozulmalary we görşüniň bozulmalary bolan maýyplaryň bedenterbiýe we sport taýdan ösüşine ýardam etmek üçin Türkmenistanda olimpiýa hereketiniň çäklerinde Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti tarapyndan dolandyrylýan milli paralimpiýa hereketi amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti – jemgyýetçilik birleşigi bolup, ol Türkmenistanda Paralimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýär, Halkara Paralimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edildi, öz işinde halkara Paralimpiýa komitetiniň tertipnamasyndan we beýleki çözgütlerinden goldanýar, öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrýar.
3. Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak babatda ygtyýarly döwlet edarasy, saglygy goraýyş babatda ygtyýarly döwlet edarasy, bilim babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde maýyplaryň bedenterbiýesi we sporty babatda döwlet syýasatynyň ýöredilmegine gatnaşýar.
4. Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti Halkara paralimpiýa komitetiniň howandarlygynda geçirilýän Paralimpiýa oýunlarynda we beýleki halkara sport çärelerinde sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna wekilçilik edýär.
5. Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti öz öňünde durýan tertipnamalaýyn wezipeleriniň ýerine ýetirilmegini maliýeleşdirmegiň öz çeşmeleriniň, hemaýatkärlik kömeginiň, fiziki we ýuridik şahslaryň meýletin gatançlarynyň hasabyna durmuşa geçirýär.
24-nji madda. Türkmenistanda surdlimpiýa hereketine we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalar
1. Eşidişiniň bozulmalary we intellektiniň bozulmalary bolan maýyplaryň bedenterbiýe we sport taýdan ösüşine ýardam etmek üçin Türkmenistanda olimpiýa hereketiniň çäklerinde Türkmenistanda milli surdlimpiýa hereketi we ýörite olimpiýa hereketi amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanda surdlimpiýa hereketine we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalar – jemgyýetçilik birleşikleri bolup, olar degişli halkara sport guramalary tarapyndan ykrar edilen, öz işinde görkezilen halkara sport guramalarynyň tertipnamalaryndan we beýleki çözgütlerinden goldanýar, öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda amala aşyrýarlar.
3. Türkmenistanda surdlimpiýa hereketine we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalar bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak babatda ygtyýarly döwlet edarasy, saglygy goraýyş babatda ygtyýarly döwlet edarasy, bilim babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde maýyplaryň bedenterbiýesi we sporty babatda döwlet syýasatynyň ýöredilmegine gatnaşýarlar.
4. Türkmenistanda surdlimpiýa hereketine we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalar Halkara surdlimpiýa komitetiniň we Halkara ýörite olimpiýa komitetiniň howandarlygynda geçirilýän Surdlimpiýa oýunlarynda, Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlarynda we beýleki halkara sport çärelerinde sportuň görnüşleri boýunça degişlilikde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna wekilçilik edýärler.
5. Türkmenistanda surdlimpiýa hereketine we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalar öz öňünde durýan tertipnamalaýyn wezipeleriniň ýerine ýetirilmegini maliýeleşdirmegiň öz çeşmeleriniň, hemaýatkärlik kömeginiň, fiziki we ýuridik şahslaryň meýletin gatançlarynyň hasabyna durmuşa geçirýär.
V BAP. SPORTUŇ GÖRNÜŞLERI BOÝUNÇA MILLI FEDERASIÝALAR
25-nji madda. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň hereket etmeginiň hukuk esaslary
1. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar Halkara olimpiýa komiteti, Aziýanyň olimpiýa geňeşi ýa-da «Sport-Akkord» halkara konwenti tarapyndan ykrar edilen, Türkmenistanyň adyndan degişli halkara sport guramalarynyň agzalary bolmalydyrlar, şeýle hem Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti tarapyndan ykrar edilmelidir.
2. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar öz işini aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrýarlar:
1) sportuň degişli görnüşlerini ösdürmek we ýaýbaňlandyrmak;
2) sport ätiýaçlygyny, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak;
3) sportuň degişli görnüşleriniň ösüşi boýunça halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak;
4) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti, Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti, Türkmenistanda surdlimpiýa hereketine we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalar bilen bilelikde bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatynyň geçirilmegine gatnaşmak;
5) Türkmenistanyň çäginde sportuň degişli görnüşleri boýunça halkara sport ýaryşlaryny geçirmek;
6) halkara sport federasiýalarynda, beýleki halkara sport guramalarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik etmek, şeýle hem halkara sport guramalary tarapyndan geçirilýän sport çärelerinde Türkmenistana wekilçilik etmek;
7) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny döretmek boýunça, şeýle hem sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň bellenilen kadalaryny ýerine ýetirmeýän we (ýa-da) öz borçlaryny yzygiderli bozýan agzalaryny toparyň düzüminden çykarmak hakynda bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasyna teklipler girizmek;
8) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny halkara sport çärelerine taýýarlamak we olara gatnaşmak;
9) weteran türgenleri sportuň degişli görnüşleri boýunça umumydöwlet we halkara sport çärelerine taýýarlamak we olara gatnaşmak;
10) Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda başga işi amala aşyrmak.
26-njy madda. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň hukuklary we borçlary
1. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar aşakdakylara haklydyrlar:
1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde we Halkara olimpiýa komitetiniň, degişli halkara sport guramalarynyň namalaryny hasaba almak bilen öz namalaryny (dessurlaryny, kadalaryny, gollanmalaryny we başga namalary) işläp taýýarlamaga we kabul etmäge;
2) Türkmenistanyň ýeke-täk sport klassifikasiýasyna goşmak maksady bilen sportuň degişli görnüşleri boýunça talaplary we ölçegleri we sport eminlerine hünär derejelerini bermek üçin degişli hünär talaplaryny bellenilen tertipde işläp taýýarlamaga;
3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda halkara sport guramalaryna girmäge we olar bilen gatnaşykda bolmaga hem-de aragatnaşyk saklamaga;
4) tälimçileriň hünär işini amala aşyrmaklary we düzümine sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar girýän halkara sport guramalarynyň namalaryny hasaba almak bilen hünär ussatlyklarynyň derejesini ýokarlandyrmak üçin şertleri döretmäge;
5) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde türgenleriň bedenterbiýe we sport guramasynyň birinden başgasyna geçmeginiň guralmagyna gatnaşmaga;
6) sportuň degişli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionatlaryny, birinjiliklerini, kubok oýunlaryny guramaga we geçirmäge;
7) Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda beýleki hukuklary amala aşyrmaga.
2. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar şulara borçludyrlar:
1) sportuň degişli görnüşlerini ösdürmäge gönükdirilen çäreleri geçirmäge;
2) sportda dopingiň öňüni almaga we oňa garşy göreşmäge ýardam etmäge;
3) sportda kemsidilmegiň we zorlugyň islendik görnüşleriniň ýüze çykmagyna garşy hereket etmäge;
4) türgenleriň, tälimçileriň maddy-tehniki, lukmançylyk, ylmy-usulyýet we (ýa-da) beýleki üpjünçiligine gatnaşmaga;
5) sportuň degişli görnüşleriniň infrastrukturasynyň we maddy-tehniki binýadynyň ösdürilmegine gatnaşmaga;
6) sportuň degişli görnüşlerini ösdürmek boýunça ýörite maksatnamalary we sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini taýýarlamagyň aýratyn meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga;
7) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar tarapyndan geçirilýän ýaryşlar hakynda düzgünnamalary (dessurlary) işläp taýýarlamaga we bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşmaga;
8) bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasyna sportuň degişli görnüşleriniň ösdürilişi barada maglumat bermäge;
9) Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasynyň işlenilip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga;
10) sportuň görnüşleri boýunça sport eminlerini taýýarlamaga;
11) tälimçileriň gaýtadan taýýarlanylmagyny, tälimçileriň, sport eminleriniň we bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleriň hünär synagyny amala aşyrmaga;
12) türgenlere, tälimçilere we bedenterbiýe we sport babatda hünärmenlere sport atlaryny, türgenlere razrýadlary we sport eminlerine hünär derejelerini bermek üçin resminamalary bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasyna hödürlemäge;
13) türgenleriň hasaba alynmagyny geçirmäge;
14) türgenleriň, hünär synagyndan geçen sport eminleriniň, tälimçileriň sanawyny ýöretmäge;
15) Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna laýyklykda beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.
VI BAP. BILIM, SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMLARYNDA, DÖWLET DOLANDYRYŞYNYŇ BEÝLEKI EDARALARYNDA, RAÝATLARYŇ IŞLEÝÄN ÝERI WE ÝAŞAÝAN ÝERI BOÝUNÇA BEDENTERBIÝE WE SPORT. UÝGUNLAŞDYRYJY BEDENTERBIÝE WE UÝGUNLAŞDYRYJY SPORT
27-nji madda. Bilim ulgamynda bedenterbiýe we sport
1. Bilim edaralarynda beden terbiýesi döwlet bilim standartlaryna we beden taýýarlygynyň kadalaryna laýyklykda okuw we okuwdan daşary wagtda amala aşyrylýar.
2. Bilim ulgamynda beden terbiýesini guramak aşakdakylary öz içine alýar:
1) esasy bilim maksatnamalarynyň çäklerinde bedenterbiýäniň we sportuň hökmany sapaklaryny, şeýle hem goşmaça umumybilim berýän maksatnamalaryň çäklerinde bedenterbiýäniň we sportuň goşmaça (fakultatiw) sapaklaryny geçirmek;
2) terbiýelenýänleriň, okuwçylaryň we talyplaryň bedenterbiýe-sagaldyş we sport taýýarlygy boýunça toplumlaýyn çäreleri geçirmek üçin şertleri döretmek, şol sanda sport öwselesi we enjamy bilen üpjün etmek;
3) aýratyn başarnyklaryny we saglyk ýagdaýyny hasaba almak bilen terbiýelenýänlerde, okuwçylarda we talyplarda bedenterbiýe endiklerini kemala getirmek, olary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek üçin şertleri döretmek;
4) beden terbiýesiniň guralyşyna lukmançylyk gözegçiligini geçirmek;
5) çagalaryň saglygyna we olaryň beden taýýarlygyna ata-eneleriň (olaryň ornuny tutýan adamlaryň) jogapkärçilikli gatnaşygyny kemala getirmek;
6) okuwçylaryň we talyplaryň beden taýýarlygynyň we beden ösüşiniň her ýylky gözegçiligini geçirmek;
7) okuwçylaryň we talyplaryň gatnaşmagynda bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleriň guralmagyna we geçirilmegine ýardam etmek;
8) mekdep sportunyň we talyp sportunyň ösüşine we ýaýbaňlandyrylmagyna ýardam etmek;
9) okuwçylaryň we talyplaryň halkara sport çärelerine, şol sanda Bütindünýä uniwersiadalaryna we resmi halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy.
3. Okuwçylary we talyplary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, başlangyç, esasy orta, umumy orta bilimiň, başlangyç hünär, orta hünär we ýokary hünär bilimiň bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirýän bilim edaralary tarapyndan we (ýa-da) bu edaralarda okaýanlar tarapyndan mekdep sportuny we talyp sportuny ösdürmek we ýaýbaňlandyrmak maksady bilen ýuridik şahslar bolup durmaýan mekdep sport klublary we talyp sport klublary döredilip bilner. Şeýle sport klublarynyň işi bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylyp bilim babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar we degişli bilim edaralarynyň tertipnamalarynda göz öňünde tutulýar.
28-nji madda. Saglygy goraýyş ulgamynda bedenterbiýe we sport
Saglygy goraýyş babatda ygtyýarly döwlet edarasy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:
1) bedenterbiýäni keselleriň öňüni almagyň we bejermegiň serişdesi hökmünde peýdalanýar;
2) bedenterbiýe we sport bilen, şol sanda sport-sagaldyş syýahatçylygy bilen meşgullanýan adamlara lukmançylyk gözegçiligini amala aşyrýar, sport ätiýaçlygynyň we sportuň görnüşleri boýunça dürli derejedäki ýygyndy toparlaryny sport ýaryşlaryna taýýarlamagyň lukmançylyk taýdan üpjün edilmegine gatnaşýar;
3) keselleriň öňüni almakda we bejermekde bedenterbiýäniň esasy düzüm böleklerini netijeli peýdalanmagyň meseleleri boýunça, şeýle hem sport lukmançylygy, lukmançylyk gözegçiligi we bejeriş bedenterbiýesi babatda saglygy goraýşyň hünärmenleriniň taýýarlygyny we olaryň hünäriniň ýokarlandyrylmagyny guraýar we amala aşyrýar;
4) bedenterbiýäniň we sportuň serişdelerini peýdalanmak bilen sagaldyş we saglygy dikeldiş merkezlerini we nokatlaryny, anyklaýyş maslahat-beriş nokatlaryny we iş otaglaryny, raýatlar bilen bedenterbiýe-sagaldyş işini alyp barmagy üpjün edýän lukmançylyk-bedenterbiýe dispanserlerini döredýär, şeýle merkezleri, nokatlary, iş otaglaryny we dispanserleri ýörite enjamlar we lukmançylyk enjamy bilen enjamlaşdyrýar;
5) ýurduň ilatynyň saglygyny pugtalandyrmakda we sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçilikleriniň maksatlaýyn wagyz-nesihatyny amala aşyrýar.
29-njy madda. Sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşlerini ösdürmek. Raýatlary Watan goragyna taýýarlamak
1. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň harby gullukçylary we Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleri tarapyndan harby we gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ýörite hereketler (şol sanda tärler) sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşleriniň esasy bolup durýarlar.
2. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň harby gullukçylarynyň we Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň beden taýdan taýýarlygy harby gullugyň, Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralaryndaky gullugyň aýratynlyklary we söweşjeň hem-de derhal-gulluk wezipelerini ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly dürli şertlere Türkmenistanyň harby gullukçylarynyň we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň bedeniniň durnuklylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän taýýarlygyň esasy mazmuny bolup durýar.
3. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň harby gullukçylarynyň, Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň beden taýýarlygy Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan tassyklanylýan beden taýýarlygy boýunça maksatnamalaryň esasynda harby gullukçylar, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri tarapyndan harby we gulluk borçlaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýar.
4. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda, Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynda harby gullukçylary we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerini sport bilen yzygiderli meşgullanmaga çekmek maksady bilen sportuň degişli harby-amaly, gulluk-amaly, tehniki we beýleki görnüşlerini ösdürýän, türgenleri taýýarlaýan, şeýle hem sportuň görnüşleri boýunça ýygyndy toparlaryny döredýän sport klublary, bedenterbiýäniň we sportuň beýleki guramalary döredilip we hereket edip biler.
5. Şu maddanyň 4-nji böleginde görkezilen döwlet edaralary aşakdakylary amala aşyrýarlar:
1) okuw-türgenleşik işini;
2) Türkmenistanyň ähli derejelerdäki harby gullukçylarynyň we Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň sport bilen meşgullanmaklary üçin şertleri döretmek;
3) harby-amaly, gulluk-amaly, şeýle hem sportuň dag-halas ediş, guwwas, kürekli we beýleki görnüşleri boýunça sport ýaryşlaryna, şol sanda Bütindünýä goşun oýunlaryna, Dostlukly goşunlaryň spartakiadasyna, dünýä çempionatlaryna we okuw-türgenleşik çäreleriniň guralmagyny göz öňünde tutýan Polisiýa işgärleriniň, ýangyn söndürijileriň, halas edijileriň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşmak üçin türgenleri taýýarlamak;
4) intensiw fiziki agramlardan, kesellerden we şikeslerden soň türgenlere lukmançylyk hyzmatyny, dikeldiş çärelerini;
5) türgenleri iýmit, ýaşaýyş ýerleri we ýol harajatlary bilen üpjün etmek, şeýle hem sport esbaplary, sport öwselesi we enjamy bilen üpjün etmek;
6) tälimçileriň we sportuň harby-amaly, gulluk-amaly görnüşleri babatda beýleki hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri geçirmek.
6. Sportuň harby-amaly, gulluk-amaly görnüşlerine ýolbaşçylyk edýän Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary:
1) sport çärelerine gatnaşmak üçin sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşleri boýunça ýygyndy toparlaryny döredýärler;
2) harby gullukçylaryň we Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň beden taýýarlygynyň yzygiderli barlagyny geçirýärler;
3) sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşleri boýunça umumydöwlet çäreleriniň geçirilmegini we halkara sport çärelerine gatnaşmagy guraýarlar;
4) sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşleri boýunça sport klassifikasiýasyny işläp taýýarlaýarlar we öz wagtynda oňa üýtgetmeleri girizýärler;
5) türgenlere sport razrýadlaryny berýärler, sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşleri boýunça tälimçilere, usulyýetçilere, sport eminlerine, türgenlere Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hünär talaplaryny kesgitleýärler.
7. Harby gullukçylaryň we Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň arasynda geçirilýän sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşleri boýunça sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasy Türkmenistanyň Goranmak ministrligi we Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan tassyklanylýar.
30-njy madda. Iş ýerlerinde bedenterbiýe we sport
1. Guramalar, edaralar we kärhanalar işgärleriniň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak hukuklarynyň durmuşa geçirilmegine aşakdakylar arkaly ýardam edýärler:
1) öz işgärleriniň we olaryň maşgala agzalarynyň arasynda bedenterbiýe-sagaldyş we köpçülikleýin sport işini geçirmek;
2) sport desgalaryny gurmak we saklamak;
3) işgärleriň sport klublaryna birleşmegine we sportuň görnüşleri boýunça seksiýalaryň döredilmegine ýardam etmek;
4) işgärleriň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak hukugynyň durmuşa geçirilmegine ýardam edýän Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki işi amala aşyrmak.
2. Guramalar, edaralar we kärhanalar zähmet rejesinde önümçilik maşklarynyň geçirilmegini üpjün edýärler.
31-nji madda. Raýatlaryň ýaşaýan ýerlerinde we köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde bedenterbiýe we sport
1. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary bedenterbiýe we sport guramalary bilen bilelikde raýatlaryň ýaşaýan we köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde bedenterbiýe we sporty ösdürmek üçin şertleri döredýärler.
2. Raýatlaryň ýaşaýan we köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde bedenterbiýäni we sporty ösdürmek şu aşakdakylary öz içine alýar:
1) raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin infrastrukturany döretmek;
2) sportuň görnüşleri boýunça sport klublarynyň we seksiýalarynyň işini guramak;
3) bedenterbiýe-sagaldyş we köpçülikleýin sport çärelerini guramak we geçirmek;
4) ilatyň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin sport desgalaryny hödürlemekde we zerur bolan jaýlary bölüp bermekde bedenterbiýe we sport guramalaryna ýardam etmek;
5) sport desgalarynyň göwnejaý tehniki ýagdaýyny üpjün etmek.
3. Şypahana-sport guramalary, pansionatlar, dynç alyş öýleri, syýahatçylyk merkezleri we çagalar sagaldyş merkezleri jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, özbaşdak, toparlaýyn we maşgala bedenterbiýe-sagaldyş çärelerini geçirmek üçin şertleri döredýärler.
32-nji madda. Uýgunlaşdyryjy bedenterbiýe we uýgunlaşdyryjy sport, maýyplary beden taýdan dikeltmek we olaryň durmuş taýdan uýgunlaşmagy
1. Uýgunlaşdyryjy bedenterbiýäniň we uýgunlaşdyryjy sportuň usullaryny peýdalanmak bilen maýyplary beden taýdan dikeltmek we durmuş taýdan uýgunlaşdyrmak degişli bedenterbiýe we sport guramalarynda amala aşyrylýar.
2. Bedenterbiýe we sport guramalarynda maýyplar üçin okuw-türgenleşik işi, sport taýýarlygynyň tapgyrlarynyň mazmuny sportuň paralimpiýa, surdalimpiýa, ýörite olimpiýa görnüşleri boýunça degişli jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan sportuň görnüşleri boýunça işlenilip taýýarlanylýan we bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýan maksatnamalaryň esasynda amala aşyrylýar.
3. Maýyplaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyny guramak, işgärleri taýýarlamak, usulyýet, lukmançylyk üpjünçiligi we maýyplaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna lukmançylyk gözegçiligi bilim, saglygy goraýyş, ilaty durmuş taýdan goramak, bedenterbiýe we sport edaralarynyň üstüne ýüklenilýär.
4. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary maýyplaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin sport desgalaryna elýeterliligi, ýörite sport öwselesini ulanmak üçin şertleri üpjün edýärler.
Sanalyp geçilen hyzmatlar maýyplyk derejesine baglylykda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar.
5. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary bedenterbiýe we sport guramalary bilen bilelikde maýyplaryň gatnaşmagynda welaýat, etrap, şäher derejesinde sport çäreleriniň geçirilmegini, şeýle hem olaryň umumydöwlet derejesindäki sport ýaryşlaryna taýýarlanmagyny we gatnaşmagyny guraýarlar.
6. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy bedenterbiýe we sport guramalary bilen bilelikde maýyplaryň arasynda umumydöwlet derejesinde ýaryşlaryň geçirilmegini, maýyplaryň arasynda sportuň görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlarynyň halkara sport ýaryşlaryna, şol sanda Paralimpiýa, Surdalimpiýa oýunlaryna we Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlaryna taýýarlygyny we olara gatnaşmagyny guraýar.
33-nji madda. Düzediş edaralarynda bedenterbiýe we sport
1. Düzediş edaralarynda iş kesilenleriň beden terbiýesi amala aşyrylýar.
2. Düzediş edaralarynyň administrasiýasy bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin şertleri üpjün edýär we sportuň görnüşleri boýunça kadalara laýyklykda sport çäreleri guraýar.
Düzediş edaralarynyň gün tertibinde beden maşklarynyň ýerine ýetirilmegi, şol sanda irki maşklar we sport bilen meşgullanmak günde bir sagatdan az bolmadyk möçberde göz öňünde tutulýar.
3. Iş kesilenler bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin öz serişdeleriniň hasabyna sport geýimini, aýakgabyny edinmek hukugyna eýedirler.
VII BAP. SPORTUŇ MILLI GÖRNÜŞLERI
34-nji madda. Sportuň milli görnüşlerini ösdürmek
1. Sportuň milli görnüşleri sportuň aýrylmaz bölegi bolup durýar, olaryň ykrar edilmegi şu Kanunda bellenen tertipde amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanda bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýan, şu Kanunyň düzgünlerine we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hereket edýän milli federasiýalar, höwesjeň we professional sport klublary, sportuň milli görnüşleri boýunça seksiýalar döredilýär.
3. Şu maddanyň 2-nji böleginde görkezilen sportuň milli görnüşleri boýunça guramalar çempionatlary, spartakiadalary, birinjilikleri, kubok oýunlaryny we beýleki sport ýaryşlaryny, şeýle hem bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde sportuň milli görnüşleri boýunça halkara sport ýaryşlaryna taýýarlyk boýunça okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirýärler.
4. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary degişli infrastrukturany döretmek arkaly sportuň milli görnüşleriniň ösdürilmegini üpjün edýärler.
5. Sportuň milli görnüşleri boýunça çäreleri guramak, işgärleri taýýarlamak, usulyýet, lukmançylyk we antidoping üpjünçiligi, sport atlaryny we razrýadlaryny bermek, tälimçilere hünär derejelerini we sport eminleriniň derejelerini bermek şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
6. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy sportuň milli görnüşleri boýunça milli federasiýalar bilen bilelikde ýurtda halkara we umumydöwlet ýaryşlarynyň geçirilmegini, sportuň milli görnüşleri boýunça milli ýygyndy toparlarynyň halkara ýaryşlaryna taýýarlanylmagyny we olara gatnaşmagyny guraýar.
VIII BAP. ÝOKARY ÜSTÜNLIKLER SPORTY
35-nji madda. Ýokary üstünlikler sportuny ösdürmek
1. Döwlet ýokary üstünlikler sportuny ösdürmek üçin aşakdakylar arkaly şertleri üpjün edýär:
1) sport ätiýaçlygynyň, ýokary klasly türgenleriň taýýarlanylmagyny maliýeleşdirmek;
2) halkara sport guramalary bilen halkara aragatnaşyklary ýola goýmak;
3) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny döretmek we olaryň taýýarlygyny üpjün etmek;
4) Türkmenistanyň çäginde halkara sport çärelerini guramak;
5) Türkmenistanyň türgenlerini halkara sport ýaryşlaryna gatnaşdyrmak we başga usullar bilen.
2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan aşakdakylar bellenilýär:
1) Olimpiýa oýunlarynda, Paralimpiýa oýunlarynda, Surdalimpiýa oýunlarynda we Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlarynda, Aziýa oýunlarynda, şeýle hem dünýä we Aziýa çempionatlarynda medallara eýe bolan türgenlere baýraklaryň möçberleri;
2) bu türgenleriň taýýarlygyny üpjün eden tälimçilere hak-heşdekleriň möçberleri;
3) bedenterbiýe we sport babatda atly haklaryň mukdaryny, ölçeglerini bellemegiň we tölemegiň tertibi;
4) olimpiýa çempionlaryna döwlet haklarynyň ölçegi, olary bellemegiň we tölemegiň tertibi.
36-njy madda. Sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlary
1. Sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlary esasy we ätiýaçlyk düzümlerden durýar.
2. Sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň maddy-tehniki üpjünçiligi, şol sanda sport esbaby bilen üpjün etmek, ylmy-usulyýet, lukmançylyk-biologik, lukmançylyk, antidoping üpjünçiligi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
3. Halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görülýän we halkara ýaryşlaryna gatnaşylýan wagtda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň ylmy-usulyýet we lukmançylyk üpjünçiligi Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti, Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti, Türkmenistanda surdlimpiýa we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalar we sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar tarapyndan amala aşyrylýar.
4. Halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görülýän döwürde we olara gatnaşylýan wagtda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary mugt lukmançylyk we bejeriş hyzmaty bilen üpjün edilýär.
37-nji madda. Sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny döretmek
1. Sportuň degişli görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna dalaşgär türgenleriň sanawlary her ýyl sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar tarapyndan döredilýär we bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar.
2. Sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna dalaşgär türgenleriň sanawlaryny döretmegiň umumy ýörelgeleri we çelgileri, bu sanawlary tassyklamagyň tertibi bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.
3. Halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmaga taýýarlyk görmek we gatnaşmak üçin sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlary sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynda dalaşgär türgenleriň degişli sanawyna goşulan adamlaryň hataryndan sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar tarapyndan döredilýär.
38-nji madda. Sportda doping serişdeleriniň we (ýa-da) usullarynyň peýdalanylmagyna garşy hereket etmek
1. Türgenler tarapyndan, şeýle hem sport ýaryşlaryna gatnaşdyrylýan haýwanlar babatda doping serişdeleriniň we (ýa-da) sportda peýdalanmak gadagan edilen usullarynyň ulanylmagyna ýol berilmeýär.
Sportda peýdalanmak üçin gadagan edilen doping serişdeleriniň we (ýa-da) usullarynyň sanawy bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar.
2. Doping gözegçiligi sport ýaryşlaryna gatnaşýan türgenleriň bedeninde we haýwanlaryň bedeninde doping serişdeleriniň bolmagyny ýüze çykarmak ýa-da türgenler tarapyndan doping serişdelerini we (ýa-da) sport ýaryşlaryna taýýarlyk görmegiň usullaryny peýdalanmagyň faktyny anyklamak maksady bilen biologik nusgalyklary almak we olary barlamakdyr.
3. Doping serişdeleriniň we (ýa-da) usullarynyň ulanylmagyna garşy hereket etmek boýunça çäreler şu aşakdakylary öz içine alýar:
1) halkara sport ýaryşlary we umumydöwlet sport ýaryşlary geçirilende hökmany doping gözegçiligini bellemek;
2) doping serişdeleriniň we (ýa-da) usullarynyň peýdalanylmagy üçin, şeýle hem olaryň peýdalanylmagyna mejbur edilmegi we olaryň peýdalanylmagynyň wagyz-nesihaty üçin jogapkärçiligi bellemek;
3) dermanlyk serişdeleriniň we azyk goşundylarynyň düzümine doping serişdelerini goşmak arkaly olaryň galplaşdyrylmagy, şeýle dermanlyk serişdeleriniň we azyklyk goşundylarynyň ýerlenilmegi üçin, şeýle hem doping serişdelerini işläp taýýarlamagyň, taýýar etmegiň, ulanmagyň ýollary, usullary we olaryň edinilýän ýeri hakynda maglumatlaryň ýaýradylmagyna gönükdirilen iş üçin jogapkärçiligi bellemek;
4) doping serişdeleriniň we (ýa-da) usullarynyň ulanylmagynyň öňüni almak;
5) doping gözegçiligini amala aşyrýan hünärmenleriň hünärini ýokarlandyrmak;
6) bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleriň we türgenleriň taýýarlygyny amala aşyrýan bilim edaralarynyň bilim maksatnamalaryna doping serişdelerini we (ýa-da) usullaryny peýdalanmagyň netijesinde türgenleriň saglygyna ýetirilýän zyýan hakynda bölümleri girizmek;
7) köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde antidoping wagyz-nesihatyny geçirmek;
8) doping gözegçiliginiň täze usullaryny işläp taýýarlamak babatda ylmy barlaglary geçirmek;
9) hökmany doping gözegçiliginiň kadalarynyň bozulandygy üçin bedenterbiýe we sport guramalarynyň, türgenleriň, tälimçileriň, lukmanlaryň we bedenterbiýe we sport babatda beýleki hünärmenleriň jogapkärçiligini bellemek.
4. Hökmany doping gözegçiligini geçirmegiň tertibi bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar.
5. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar doping gözegçiligi babatda çäreleri amala aşyrmaga we doping serişdelerini we (ýa-da) usullaryny peýdalanýan türgenler we türgenleri doping serişdelerini we (ýa-da) usullaryny ulanmaga mejbur edýän adamlar babatda degişli çäreleri görmäge borçludyrlar.
6. Sport çäreleriniň guramaçylary halkara sport guramalarynyň talaplaryny we Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmek bilen hökmany doping gözegçiligini geçirmek üçin şertleri üpjün etmäge borçludyrlar.
7. Doping serişdeleriniň we usullarynyň ulanylmagyna garşy hereket etmäge gönükdirilen çäreleri maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň bedenterbiýä we sporta bölünip berilýän serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maliýeleşdirmegiň beýleki çeşmeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
IX BAP. BEDENTERBIÝÄNIŇ WE SPORTUŇ KADALAŞDYRYJY ESASLARY
39-njy madda. Sportuň görnüşlerini we sportuň ugurlaryny ykrar etmek. Sportuň görnüşleriniň döwlet sanawy
1. Türkmenistanyň çäginde sportuň görnüşlerini we sportuň ugurlaryny ykrar etmek bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Sportuň görnüşleriniň döwlet sanawyna girizmek arkaly amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň çempionatlaryny, birinjiliklerini, kubok ýaryşlaryny we beýleki sport çärelerini geçirmek Sportuň görnüşleriniň döwlet sanawyna goşulan sportuň görnüşleri we sportuň ugurlary boýunça amala aşyrylýar.
40-njy madda. Sport atlary we sport razrýadlary
1. Türkmenistanda sport babatda görnükli hyzmatlary üçin (Türkmenistanda ykrar edilen sportuň görnüşleri boýunça) aşakdaky hormatly atlar girizilip bilner:
1) «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady»;
2) «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi»; olar «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda bellenilýär we berilýär.
2. Türkmenistanda şu aşakdaky sport atlary berilýär:
1) «Türkmenistanyň halkara klasly sport ussady»;
2) «Türkmenistanyň sport ussady»;
3) «Bedenterbiýäniň we sportuň göreldesi».
Sport atlary Türkmenistanda ykrar edilen sportuň görnüşleri boýunça bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan berilýär.
3. Türkmenistanda aşakdaky sport razrýadlary berilýär:
1) «Türkmenistanyň sport ussatlygyna dalaşgär»;
2) I sport razrýady;
3) II sport razrýady;
4) III sport razrýady;
5) I ýetginjekler sport razrýady;
6) II ýetginjekler sport razrýady;
7) III ýetginjekler sport razrýady.
4. Sport atlaryny we sport razrýadlaryny bermek üçin ýerine ýetirilmegi zerur bolan ölçegler we talaplar bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň ýeke-täk sport klassifikasiýasy bilen bellenilýär.
5. Sport atlaryny we sport razrýadlaryny bermegiň (mahrum etmegiň, dikeltmegiň) tertibi we şertleri, sport ady, döşe dakylýan nyşanlar we hünär dereje depderçeleri hakyndaky şahadatnamalary hasaba almagyň we bermegiň tertibi, şeýle hem sport ady we hünär dereje depderçesi hakynda şahadatnamanyň görnüşleri, döşe dakylýan nyşanlaryň beýany we şekili bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýan Türkmenistanyň ýeke-täk sport klassifikasiýasy bilen bellenilýär.
41-nji madda. Sport eminleriniň hünär derejeleri
1. Türkmenistanda sport eminlerine şu aşakdaky hünär derejeleri dakylýar:
1) milli derejeli sport emini;
2) birinji derejeli sport emini;
3) ikinji derejeli sport emini;
4) üçünji derejeli sport emini;
5) sport boýunça emin.
2. Sport eminlerine hünär derejesini bermegiň tertibi we bu derejeleri bermek üçin dalaşgärlere bolan hünär talaplarynyň mazmuny, şeýle hem sport eminleriniň hukuklary we borçlary bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýan sport eminleri hakynda Düzgünnama bilen bellenilýär.
42-nji madda. Türgeniň hasaba alnandygy hakynda şahadatnama
1. Türgeniň hasaba alnandygy hakynda şahadatnama bedenterbiýe we sport guramasyna we türgeniň sport hünärine degişliligini tassyklaýan ýeke-täk nusgaly resminamadyr.
2. Türgeniň hasaba alnandygy hakynda şahadatnamada aşakdakylar görkezilýär:
1) familiýasy, ady, atasynyň ady;
2) jynsy;
3) doglan senesi;
4) bedenterbiýe we sport guramasyna degişliligi;
5) sportuň we sport ugurlarynyň saýlanyp alnan görnüşleri;
6) sport razrýadlaryny we sport atlaryny bermek hakynda maglumatlar;
7) sport razrýadlaryny bermek üçin gerek bolan ölçegleriň we talaplaryň ýerine ýetirilişiniň tassyklanandygy hakynda maglumatlar;
8) türgeniň lukmançylyk gözden geçirilişden geçendigi hakynda bellik;
9) sport ýaryşlarynda gazanylan netijeler;
10) sport ýaryşlaryndan mahrum edilmek hakynda maglumatlar;
11) döwlet sylaglary hakynda we höweslendirmegiň beýleki görnüşleri hakynda maglumatlar;
12) tälimçiniň familiýasy, ady, atasynyň ady;
13) türgeniň sport taýýarlygyny geçen guramalary hakynda we şeýle taýýarlygyň dowamlylygy hakynda maglumatlar;
14) sportuň saýlanyp alnan görnüşleriniň aýratynlygy bilen baglanyşykly beýleki maglumatlar.
3. Türgeniň hasaba alnandygy hakynda şahadatnamany ýöretmegiň, bermegiň, çalyşmagyň tertibi, türgeniň hasaba alnandygy hakynda sport gurama (topar) tarapyndan maglumatlary bermegiň tertibi, şeýle hem türgeniň hasaba alnandygy hakynda şahadatnamanyň görnüşi bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar.
43-nji madda. Türgenleriň hukuklary we borçlary
1. Türgenler şu aşakdaky hukuklara eýedirler:
1) sportuň görnüşini (görnüşlerini) saýlamak;
2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde sportuň saýlanyp alnan görnüşleri boýunça sport ýaryşlaryna gatnaşmak;
3) bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleri geçirilende olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek;
4) Türkmenistanyň ýeke-täk sport klassifikasiýasy tarapyndan bellenilen ölçegler we talaplar ýerine ýetirilende olaryň sport atlaryny we sport razrýadlaryny almagy;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde zähmet we (ýa-da) raýat-hukuk şertnamalaryny, şol sanda transfer şertnamalaryny (kontraktlaryny) baglaşmak;
6) halkara sport guramalarynda sportuň saýlanyp alnan görnüşleri boýunça türgenleriň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakda milli federasiýalaryň ýardam etmegi;
7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maddy-tehniki, lukmançylyk, ylmy-usulyýet we (ýa-da) gaýry üpjünçilik;
8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki hukuklary amala aşyrmak.
2. Türgenler şu aşakdakylara borçludyrlar:
1) Türkmenistanyň Döwlet senasyny bilmäge;
2) bedenterbiýe we sport çärelerini geçirmegiň howpsuzlyk kadalarynyň talaplaryny berjaý etmäge;
3) dopingi peýdalanmazlyga, hökmany doping gözegçiligini geçmegiň bellenilen tertibini berjaý etmäge;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sport ýaryşlaryna gatnaşmaga;
5) sport düzgünini berjaý etmäge;
6) sport ussatlygyny saklamaga we (ýa-da) kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleri görmäge;
7) sportuň görnüşi boýunça sport ýaryşlarynyň kadalaryny, olaryň gatnaşýan sport ýaryşlaryny geçirmek hakynda düzgünnamalary (dessurlary) berjaý etmäge;
8) Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport hakynda kanunçylygyny berjaý etmäge;
9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.
44-nji madda. Tälimçileriň hukuklary we borçlary
1. Tälimçiler şu aşakdaky hukuklara eýedirler:
1) öz hünär işiniň amala aşyrylmagy üçin iş hakyny we (ýa-da) hak-heşdegi (girdejini) almak;
2) bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleri geçirilende olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek;
3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hünärini ýokarlandyrmak;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde zähmet we (ýa-da) raýat-hukuk şertnamalaryny, şol sanda transfer şertnamalaryny (kontraktlary) baglaşmak;
5) professional birleşiklere, beýleki jemgyýetçilik birleşiklerine birleşmek;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki hukuklary amala aşyrmak.
2. Tälimçiler şu aşakdakylara borçludyrlar:
1) türgeniň (türgenler toparynyň) sport taýýarlygy üçin zerur bolan okuw-türgenleşik we beýleki çäreleri geçirmäge;
2) türgeniň (türgenler toparlarynyň) hukuklarynyň we bähbitleriniň berjaý edilmegini üpjün edip, türgeniň (türgenler toparynyň) türgenleşik ýa-da ýaryşyjylyk işine ýolbaşçylygy amala aşyrmaga;
3) bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak işlerini howpsuz geçirmegiň talaplaryny berjaý etmäge;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çärelerine gatnaşmaga;
5) sportuň görnüşi boýunça sport ýaryşlarynyň kadalaryny, olaryň gatnaşýan sport ýaryşlaryny geçirmegiň düzgünnamalaryny (dessurlaryny) berjaý etmäge;
6) bedenterbiýe we sport babatda Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmäge;
7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry borçlary ýerine ýetirmäge.
45-nji madda. Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasy
1. Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasy Türkmenistanyň çäginde geçirilýän umumydöwlet derejeli ýaryşlaryň we halkara ýaryşlarynyň sanawyny, şeýle hem senenama ýylynyň dowamynda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň halkara sport ýaryşlaryna taýýarlygy we olara gatnaşmagy boýunça geçirilýän çäreleriň sanawyny kesgitleýän kadalaşdyryjy resminamadyr.
Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasy sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Paralimpiýa komitetiniň we Türkmenistanda surdlimpiýa we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalaryň tekliplerini hasaba almak bilen döredilýär we bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamak üçin teklip edilýär.
2. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary öz ýerli bedenterbiýe-sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamalaryny umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasyna laýyklykda döredýärler we tassyklaýarlar.
3. Bellenilen kadalary ýerine ýetiren we seçip almagyň degişli tapgyrlaryndan geçen türgenler, çäk, edara, gaýry degişliligine garamazdan, ähli derejedäki sport çäreleriniň senenama meýilnamalaryna goşulan ýaryşlara gatnaşmakda deňhukuklara eýedirler.
46-njy madda. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň döwlet akkreditasiýasy
1. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň döwlet akkreditasiýasy Türkmenistanda sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň ygtyýarlyklaryny bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan ykrar etmegiň we degişli halkara sport guramalarynda Türkmenistana wekilçilik etmegiň amaly bolup durýar.
Türkmenistanyň çäginde diňe bir jemgyýetçilik birleşigi sportuň görnüşi (görnüşleri) boýunça milli federasiýa hökmünde akkreditirlenip bilner.
2. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň döwlet akkreditasiýasyny geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti bilen ylalaşylyp, bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär. Döwlet akkreditasiýasy dört ýyl möhlet üçin amala aşyrylýar.
47-nji madda. Sportuň görnüşleri boýunça kadalar
1. Sportuň görnüşleriniň döwlet sanawyna girizilen sportuň görnüşleri boýunça kadalar sportuň degişli görnüşleri boýunça halkara guramalary tarapyndan tassyklanylan kadalary hasaba almak bilen, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýar.
2. Sportuň harby-amaly we gulluk-amaly görnüşleri boýunça kadalar Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň hukuk goraýjy we ýörite döwlet edaralary tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.
48-nji madda. Sport ýaryşlaryny geçirmegiň kadalary
1. Umumydöwlet sport ýaryşlary Umumydöwlet we halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasyna laýyklykda, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar bilen ylalaşylan, bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasynyň çözgüdi boýunça geçirilýär.
2. Türkmenistanyň çäginde halkara sport ýaryşlary halkara sport guramalarynyň we Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly edarasynyň çözgüdi boýunça geçirilýär. Bu ýaryşlar Umumydöwlet halkara sport çäreleriniň ýeke-täk senenama meýilnamasyna girizilýär.
3. Sebit sport ýaryşlary bedenterbiýe we sport babatda ýerine ýetiriji ýerli edaralaryň çözgüdi boýunça we köpçülikleýin sport çäreleriň sebit senenama meýilnamalaryna laýyklykda sportuň görnüşleri boýunça degişli milli federasiýalar bilen ylalaşylyp geçirilýär.
4. Halkara sport ýaryşlary halkara sport guramalary tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan we tassyklanylýan sport ýaryşlary hakyndaky düzgünnamalara (dessurlara) laýyklykda geçirilýär.
5. Umumydöwlet sport ýaryşlary bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylyp, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan we tassyklanylýan sport ýaryşlary hakyndaky düzgünnamalara (dessurlara) laýyklykda geçirilýär.
6. Sebit sport ýaryşlarynyň düzgünnamalary (dessurlary) sportuň görnüşleri boýunça degişli milli federasiýalar tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we bedenterbiýe we sport babatda ýerine ýetiriji ýerli edaralar tarapyndan tassyklanylýar.
7. Sport çärelerini, şol sanda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirmegiň tertibi, sport çäreleriniň görnüşleriniň sanawy we olaryň klassifikasiýasy bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.
8. Sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar, sport toparlarynyň tälimçileri, sport çäreleriniň guramaçylary, Türkmenistanyň Döwlet nyşanlaryny peýdalanmagyň tertibiniň berjaý edilmegini üpjün etmäge, şeýle hem türgenler tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet senasyny bilmäge borçludyrlar.
49-njy madda. Bedenterbiýe we sport boýunça dersler, sport ýaryşlary we köpçülikleýin sport çäreler geçirilende howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek, fiziki şahslaryň saglygyny goramak
1. Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenler bedenterbiýe we sport çärelerini geçirenlerinde bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylýan we tassyklanylýan howpsuzlyk kadalarynyň berjaý edilmegini üpjün edýärler.
2. Öz ygtyýarlarynda sport desgalary bolan guramalaryň administrasiýalary tehniki howpsuzlyk kadalaryna, sanitariýa kadalaryna we arassaçylyk kadalaryna laýyklykda bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň geçirilýän ýerlerini sport öwseleleri we enjamy bilen üpjün edýärler we fiziki şahslaryň saglygyna ýetirilen zyýan üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
3. Bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çärelerini geçirmek üçin niýetlenilen sport desgalary tehniki şertlere, sanitariýa kadalaryna we arassaçylyk kadalaryna, sport desgalaryny ulanmagyň we ýangyn howpsuzlygynyň kadalaryna laýyk gelmelidir we maýyplar üçin elýeter bolmalydyr.
4. Bedenterbiýe we sport babatda hünärmenler bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň saglygyna ýetirilen zyýan üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
5. Gurnalan görnüşde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanylýan wagtda türgeniň, tälimçiniň ýa-da sport emininiň saglygyna ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik Türkmenistanyň kanunçylygynyň we türgen, tälimçi ýa-da sport emini tarapyndan bedenterbiýe we sport guramasy bilen baglanyşylan şertnamanyň şertleriniň esasynda bellenilýär.
6. Fiziki şahslaryň howpsuzlygynyň üpjün edilmegini çylşyrymlaşdyrýan, sport desgalaryny ulanmagyň we ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň talaplarynyň bozulandygy ýüze çykarylan mahalynda ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary özbaşdak ýa-da içeri işler edaralarynyň başlangyjy boýunça howpsuzlyk şertleriniň ýüze çykarylan bozulmalarynyň düzedilmegine çenli bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň geçirilmegini gadagan edýärler.
50-nji madda. Halkara (olimpiýa) derejeli sport ýaryşlary we köpçülikleýin sport çäreler geçirilende gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek
1. Halkara (olimpiýa) derejeli sport ýaryşlaryna we köpçülikleýin sport çärelerine gatnaşyjylaryň we tomaşaçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, şeýle hem olaryň geçirilýän ýerlerinde jemgyýetçilik tertibini berjaý etmek Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Halkara (olimpiýa) derejeli sport ýaryşlarynyň we köpçülikleýin sport çäreleriniň gatnaşyjylarynyň we tomaşaçylarynyň howpsuzlygyny we olaryň geçirilýän ýerlerinde jemgyýetçilik tertibiniň berjaý edilmegini üpjün etmegiň tertibi we şertleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
51-nji madda. Beden terbiýesiniň döwlet toplumy
1. Beden terbiýesiniň döwlet toplumy güýji, çydamlylygy, çaltlygy we ugurtapyjylygy görkezýän beden maşklarynyň görnüşlerini öz içine alýar we fiziki şahslaryň ýaşyna we jynsyna baglylykda derejelerden durýar.
2. Beden terbiýesiniň döwlet toplumy talaplary we ölçegleri ýerine ýetirmegiň esasynda adamyň beden taýýarlygynyň derejesine umumy baha bermegi göz öňünde tutýar.
3. Beden terbiýesiniň döwlet toplumynyň talaplaryny we ölçeglerini ýerine ýetirmäge bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga garşy gelmeleri bolmadyk fiziki şahslar gatnaşýarlar.
52-nji madda. Beden terbiýesiniň döwlet toplumynyň talaplary we ölçegleri
1. Beden terbiýesiniň döwlet toplumynyň talaplary we ölçegleri bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylan düzgünnamada bellenilýär.
Bilim edaralarynyň okuwçylary we talyplary üçin Beden terbiýesiniň döwlet toplumynyň talaplary we ölçegleri «Bedenterbiýe» dersi boýunça tassyklanan bilim standartlaryna laýyklykda bilim babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde tassyklanylýar.
2. Beden terbiýesiniň döwlet toplumynyň talaplaryny we ölçeglerini ýerine ýetirmek boýunça işe ýolbaşçylyk etmek we gözegçilik etmek bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Beden terbiýesiniň döwlet toplumy tarapyndan göz öňünde tutulan talaplary we ölçegleri ýerine ýetiren şahslara bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen tertipde we şertlerde döşe dakylýan nyşan berilýär.
X BAP. BEDENTERBIÝÄNIŇ WE SPORTUŇ IŞGÄRLER, YLMY, LUKMANÇYLYK WE DURMUŞ TAÝDAN ÜPJÜNÇILIGI
53-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda işgärleri taýýarlamak
1. Bedenterbiýe we sport babatda işgärleri taýýarlamak Türkmenistanyň bilim hakynda kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Bedenterbiýe we sport babatda işgärler ýöriteleşdirilen orta hünär we ýokary hünär okuw mekdeplerinde taýýarlanylýar, olaryň döredilmegi we hereket etmegi bilim hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
3. Döwlet bedenterbiýe we sport babatda bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Maddy-tehniki binýadyň pugtalandyrylmagy sport desgalarynyň we enjamlarynyň toplumynyň bolmagyny göz öňünde tutýar.
54-nji madda. Bedenterbiýe we sport işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak
1. Bedenterbiýe we sport işgärlerini gaýtadan taýýarlamak we hünärini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Bedenterbiýe we sport işgärleriniň wezipeleriniň hünär talaplary Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen ylalaşylyp, bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.
3. Bedenterbiýe we sport işgärlerine bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýän tertipde we şertlerde zähmet kanunçylygyna laýyklykda hünär derejeleri berlip bilner.
55-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda mugallymçylyk hünär işi we tälimçilik işi hem-de bejeriş bedenterbiýe we sport lukmançylygy babatda hünär işi
1. Bedenterbiýe we sport babatda mugallymçylyk hünär işine we bejeriş bedenterbiýesi we sport lukmançylygy babatda hünär işe bedenterbiýe we sport babatda taýýarlygyň degişli ugurlary (kärleri) boýunça orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi bolan adamlar goýberilýär.
2. Bedenterbiýe we sport guramalarynda tälimçilik işini bedenterbiýe we sport babatda taýýarlygyň degişli ugurlary (kärleri) boýunça orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi bolan, şeýle hem bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilen tertipde şeýle işe goýberilen şahslar amala aşyryp bilerler.
3. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilim babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde bedenterbiýe we sport babatda hünärmenleri taýýarlamagyň zerur sanyny kesgitleýärler.
56-njy madda. Bedenterbiýe we sport babatda sport meýletinçileri
1. Tälimçiler, sport eminleri, ilatyň bedenterbiýe-sagaldyş we sport bilen meşgul bolmak işiniň guramaçylary we bedenterbiýe we sport babatda beýleki hünärmenler hökmünde sport meýletinçileri bedenterbiýe we sport guramalarynda ýörite taýýarlygy we hünär synagyny geçenden soň bedenterbiýe we sport babatda jemgyýetçilik işini meýletin esasda amala aşyryp bilerler.
2. Sport meýletinçilerini taýýarlamagyň we hünär synagynyň tertibi bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.
3. Degişli taýýarlygy we hünär synagyny geçmedik, şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen adamlar sport çärelerini guramaga we geçirmäge, sport ýaryşlaryna eminlik etmäge we beýleki özbaşdak sport işine goýberilmeýär.
57-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda ylmy iş
1. Bedenterbiýe we sport babatda düýpli, agtaryş, tejribe-konstruktorçylyk, tehnologik, amaly we beýleki ylmy-barlag işlerini geçirmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döredilen we öz işini ylmy işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet we beýleki buýurmalaryň esasynda alyp barýan bedenterbiýe we sport babatda ylmy merkezler, ylmy-barlag institutlary, barlaghanalar, bilim edaralary amala aşyrýarlar.
2. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy öz ygtyýarynyň çäklerinde bedenterbiýe we sport babatda ylmy-tehniki syýasaty döredýär we ýöredýär, bedenterbiýe we sport babatda ileri tutulýan ylmy ugurlary kesgitleýär.
58-nji madda. Bedenterbiýäniň we sportuň lukmançylyk üpjünçiligi
1. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan adamlaryň lukmançylyk üpjünçiligi aşakdakylary öz içine alýar:
1) olaryň saglyk ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi;
2) olaryň saglyk ýagdaýyna fiziki agramlaryň deň gelmegine baha bermek;
3) keselleriň, şikesleriň öňüniň alynmagyny we bejerilmegini, lukmançylyk taýdan dikeldilmegini we lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün edilmegini;
4) bedenterbiýe we sport bilen meşgullanylanda ulanylýan serişdeler we usullar arkaly saglygynyň dikeldilmegini.
2. Bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň guramaçylarynyň kadalaşdyryjy resminamalardaky degişli möhletlerde lukmançylyk barlagyny geçmedik adamlary we lukmançylyk barlagynyň netijeleri boýunça bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çärelerine gatnaşmaga rugsady bolmadyk adamlary olara gatnaşmak üçin goýbermäge haky ýokdur.
3. Bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çäreleriniň guramaçylary olara gatnaşyjylaryň lukmançylyk kömegini üpjün edýärler.
4. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan şahslar hökmany başlangyç, döwürleýin we ahyrky lukmançylyk gözegçiliginden we ýaryşlara başlamazdan ozal lukmançylyk gözegçiliginden geçýärler.
Ýaryşlara gatnaşmak hukugyna diňe hökmany lukmançylyk barlagyny geçen we sportuň görnüşi boýunça degişli taýýarlygy bolan türgenler eýedirler.
5. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, eger bedenterbiýe-sagaldyş, köpçülikleýin sport we sport çärelerine gatnaşyjylar lukmançylyk kömegi bilen üpjün edilmese, olaryň geçirilmegini bes etmek hukugyna eýedirler, şeýle hem hökmany lukmançylyk gözegçiligini geçmedik şahslary okuw-türgenleşik işlerine we ýaryşlaryna goýbermezlik we olardan çetleşdirmek hukugyna eýedirler.
59-njy madda. Bedenterbiýe we sport babatda döwlet durmuş kepillikleri
1. Döwlet ýokary üstünlikler sportunda ýokary başarnyklary görkezen raýatlara aşakdakylar arkaly ýardam edýär:
1) Olimpiýa oýunlarynda, Paralimpiýa oýunlarynda, Surdlimpiýa oýunlarynda, Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlarynda, Aziýa oýunlarynda we beýleki halkara sport ýaryşlarynda sportuň görnüşleri boýunça olara Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň düzüminde çykyş etmek mümkinçiliklerini bermek;
2) Olimpiýa oýunlaryna, Paralimpiýa oýunlaryna, Surdlimpiýa oýunlaryna, Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlaryna we Aziýa oýunlaryna bolan ýollanma hatyna eýe bolan türgenlere degişli möhletde ýörite döwlet haklaryny bellemek;
3) sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalaryna aýlyk pul hak-heşdek tölemek;
4) Olimpiýa oýunlaryna, Paralimpiýa oýunlaryna, Surdlimpiýa oýunlaryna, Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlaryna, Aziýa oýunlaryna, dünýäniň we Aziýanyň çempionatlaryna we olara deňleşdirilen halkara ýaryşlaryna gatnaşmagyň jemleri boýunça pul hak-heşdegi we beýleki hak-heşdekleri tölemek;
5) halkara ýaryşlaryna gös-göni taýýarlyk görmek we olara gatnaşmak bilen baglanyşykly beýleki tölegler.
2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen hak-heşdekleri, haklary, aýlyk pul hak-heşdekleri we beýleki tölegleri bermegiň çelgileri we tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
3. Köp çagaly we az üpjünçilikli maşgaladan bolan çagalara, ýetim çagalara we ata-eneleriniň howandarlygyndan galan çagalara we maýyplara döwlet bedenterbiýe-sagaldyş we sport hyzmatlaryny mugtuna berýär we bedenterbiýe we sport guramalarynda olaryň saglyklarynyň dikeldilýän döwründäki, sport-sagaldyş sapaklaryndaky we sport taýýarlygyndaky harajatlary doly çekýär.
4. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti, Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti, Türkmenistanyň surdlimpiýa we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalar, bedenterbiýe we sport guramalary öz býujetleriniň we býujetden daşary serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň hasabyna Olimpiýa oýunlarynyň, Paralimpiýa oýunlarynyň, Surdlimpiýa oýunlarynyň, Bütindünýä ýörite olimpiýa oýunlarynyň, Aziýa oýunlarynyň, dünýä we Aziýa çempionatlarynyň ýeňijilerine we baýrak eýelerine, şeýle hem ýokary sport atlary bolan türgenlere we hünärmenlere, sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryna girýän türgenlere we olaryň tälimçilerine aýlyk pul hak-heşdekleri töläp bilerler.
60-njy madda. Türgenleriň, tälimçileriň we sport eminleriniň ätiýaçlandyrmasy
1.Türgenler, tälimçiler we sport eminleri sport ýaryşlary ýa-da bedenterbiýe we sport guramalarynda olara taýýarlyk wagtynda betbagtçylykly halatyň netijesinde şikes, maýyplyk, ölüm halaty üçin ätiýaçlandyrylmaga degişlidirler.
2.Türgenleriň, tälimçileriň, sport eminleriniň ätiýaçlandyrmasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.
61-nji madda. Bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek
1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, saglygy goraýyş babatda ygtyýarly döwlet edarasy, bilim babatda ygtyýarly döwlet edarasy, kärdeşler arkalaşyklary, ýaşlar we zenanlar guramalary, bedenterbiýe-sagaldyş we sport ugurly jemgyýetçilik birleşikleri bedenterbiýäniň we sportuň, olimpiýa hereketiniň giň wagzyny alyp barýarlar, sagdyn durmuş ýörelgesini döretmek, saklamak we pugtalandyrmak, ilatyň işjeň ýagdaýda uzak ýaşlylygyny we işe ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen bedenterbiýäniň we sportuň serişdelerini iş ýüzünde peýdalanmakda ilatyň bilimleriniň derejesini ýokarlandyrýarlar.
2. Teleradio ýaýlymlary boýunça sport ýaryşlaryny we beýleki sport çärelerini alyp eşitdirmek, sport ýaryşlaryny we beýleki sport çärelerini surata düşürmek we surata almak, olaryň şekiliniň ýazgysyny we ses ýazgysyny geçirmek sport çärelerini guramak, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, sport çärelerini guramak hukugyna eýelik edijiler bilen şertnamalaryň esasynda amala aşyrylýar.
3. Sport çäreleriniň geçirilýän wagtynda, şeýle hem olaryň alnyp eşitdirilýän wagtynda harytlaryň, önümleriň we hyzmatlaryň mahabatyny ýerleşdirmek Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
XI BAP. BEDENTERBIÝÄNIŇ WE SPORTUŇ MALIÝE WE MADDY-TEHNIKI ÜPJÜNÇILIGI
62-nji madda. Bedenterbiýäni we sporty maliýeleşdirmek
Bedenterbiýäni we sporty maliýeleşdirmek aşakdakylaryň hasabyna amala aşyrylýar:
1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň;
2) bedenterbiýe we sport guramalarynyň ygtyýarynda durýan kärhanalarda taýýarlanan sport önümlerini ýerlemekden, neşirýat işinden alnan serişdeleriň;
3) bedenterbiýe we sport guramalary tarapyndan tölegli hyzmatlary etmegiň, ýaryşlary we beýleki çäreleri geçirmegiň serişdeleriniň;
4) bedenterbiýe we sport guramalarynyň giriş we agzalyk gatançlaryndan ýygnanan serişdeleriň;
5) bedenterbiýe we sport guramalarynyň öz toplamalarynyň;
6) hemaýatkärlik ýa-da beýleki kömegiň;
7) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň.
63-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda hemaýatkärlik
Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän guramalardan başga, fiziki we ýuridik şahslar bedenterbiýe we sport guramalarynyň hemaýatkärleri bolup bilerler.
Hemaýatkärler bilen bedenterbiýe we sport guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklar şertnamalaýyn esasda bellenilýär.
64-nji madda. Sport desgalary
1. Sport desgalary döwlet we hususy eýeçilikde durup bilerler.
2. Ilatly nokadyň çäklerinde deň ähmiýetli ýa-da has ösen infrastrukturaly sport desgasyny döretmezden döwlet eýeçiliginde durýan sport desgasynyň ýatyrylmagyna ýa-da gaýtadan üýtgedilip gurulmagyna ýol berilmeýär.
3. Ilatly nokatlaryň sport desgalary bilen üpjünçiliginiň ýeterlik derejesi ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary tarapyndan şähergurluşyk resminamasynyň esasynda bellenilýär.
4. Sport desgalarynyň klassifikasiýasy we olaryň ulanylyşyna bolan talaplar bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan bellenilýär.
65-nji madda. Sport desgalarynyň sanawy
1. Türkmenistanyň çäginde bar bolan sport desgalarynyň sany, niýetlenen ýeri we ýagdaýy hakyndaky maglumatlary ulgamlaşdyrmak maksady bilen sport desgalarynyň sanawy döredilýär.
2. Sport desgalarynyň sanawynda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlaryny taýýarlamagyň esasy binýatlary bolup durýan sport desgalarynyň hasaby aýratyn ýöredilýär.
3. Sport desgalarynyň sanawyna girizilýän maglumatlaryň düzümi, sport desgalarynyň sanawyny döretmegiň we ýöretmegiň tertibi, şeýle hem onda bar bolan maglumatlary bermegiň tertibi bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.
4. Sport desgalarynyň sanawyny döretmek we alyp barmak bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
66-njy madda. Bedenterbiýe we sport babatda maýa goýum syýasaty
1. Döwlet Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamalaryna we kanunçylygyna laýyklykda bedenterbiýe we sport guramalarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak we ösdürmek üçin maýa goýumlaryna döwlet serişdeleriniň ýörite bölünip berilmegini üpjün edýär.
2. Döwlet bedenterbiýäni we sporty ösdürmek üçin býujetden daşary maýa goýumlaryny çekmek maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kärhanalara we guramalara artykmaçlyklary we ýeňillikleri göz öňünde tutup biler.
67-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda salgyt salmak
Bedenterbiýe we sport babatda salgyt salmak Türkmenistanyň Salgyt kodeksine laýyklykda amala aşyrylýar.
XII BAP. BEDENTERBIÝE WE SPORT BABATDA HALKARA IŞI
68-nji madda. Bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygy
1. Bedenterbiýe we sport babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport guramalary daşary ýurt döwletleriniň sport guramalary bilen özara gatnaşyklarynda halkara sport guramalary we Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen bellenilen dessurlardan we talaplardan goldanýarlar.
69-njy madda. Halkara sport guramalary bilen özara gatnaşyk
1. Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda sportuň halkara guramalarynyň şahamçalary we wekillikleri döredilip bilner.
2. Türkmenistanyň bedenterbiýe we sport guramalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öz işini amala aşyrmaga daşary ýurt raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary çekmek, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşary ýurt döwletlerinden, halkara guramalaryndan, daşary ýurt guramalaryndan, daşary ýurt raýatlaryndan we raýatlygy bolmadyk adamlardan alnan pul serişdelerine we gaýry emläge ygtyýar etmek hukugyna eýedirler.
3. Bedenterbiýe we sport babatda ygtyýarly döwlet edarasy, Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti, Türkmenistanyň Paralimpiýa komiteti, Türkmenistanda surdlimpiýa hereketine we ýörite olimpiýa hereketine ýolbaşçylyk edýän guramalar, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar halkara sport guramalarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik etmek, şeýle hem halkara sport guramalary tarapyndan geçirilýän sport we beýleki çärelerde Türkmenistana wekilçilik etmek hukugyna eýedirler.
XIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
70-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
71-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun onuň resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:
1) «Bedenterbiýe we sport hakynda» 2001-nji ýylyň 7-nji iýulyndaky Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý., № 2, 18-nji madda);
2) «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» 2013-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 79-njy madda).
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2015-nji ýylyň 23-nji maýy.
№ 224-V.